BMG-de Orsýet bilen ABŞ Siriýada ulanylan himiki ýaraglar barada çekeleşdiler

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý

Siriýa hökümeti gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky etraplarda ýene himiki ýaraglardan peýdalanypdyr diýilýän gürrüňler hakda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda çekeleşik turdy.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Nikki Haleý 5-nji fewralda Orsýeti prezident Başar al-Assadyň goşunynyň gozgalaňçylaryň elindäki Gündogar Gowtada himiki ýarag ulanyp-ulanmandygy hakda barlag geçirilmegini bökdemekde aýyplady. Onuň bellemegine görä, himiki ýaraglaryň geçen hepdäniň aýagynda ulanylandygy hakda “pida çekenleriň onlarçasyndan alnan açyk subutnamalar” bar.

“Orsýet bu beýannamanyň kabul edilmegini, ýagny siriýaly çagalaryň hlor gazyndan boglup ölýändiginiň ýazgarylmagyny gijikdirdi. Bu geňeş Siriýanyň himiki ýaraglary ulanmagy bes etmelidigini aýdypdy. Emme olar ýene dowam etdirýärler” diýip, Hileý aýtdy.

2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri harby operasiýalar bilen Assady goldap berip gelýän Orsýet bolsa bu aýdylýanlary “töhmet” diýip ret etdi.

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Wassliý Nebenzia: “Esasy maksadyň Siriýa hökümetini himiki ýarag ulananlykda garalamakdygy bize bütinleý aýdyň, muny kimleriň edendiginiň entek anyklanan ýeri ýok” diýip gaýtargy berdi.

5-nji fewralda giçlik Amerikanyň döwlet departamenti bir beýannama çykaryp, Siriýa güýçleriniň “bigünä raýatlary gorkuzmak üçin” hlor gazyny ulanýandygy hakdaky gürrüňleriň gaýtalanmagynyň Birleşen Ştatlary “aşa aladalandyrýandygyny” aýtdy.

Beýannamada aýratyn-da geçen 30 günüň içinde alty hüjümde himiki ýarag ulanylandygy hakda subutnamalaryň bardygy aýdylýar.

“Orsýet Siriýanyň režimini jogapkärçilikden goramak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirenok. Siriýada himiki ýaraglary ulanmagy ähli taraplar gürrüňsiz bes etmelidir. Siriýa halky ejir çekýär, dünýäniň galan bölegi hem muny synlaýar” diýip, beýannamada aýdylýar.

Çekeleşik iki tarapyň arasynda bolýan şular ýaly aýyplamalary we ret etmeleri şöhlelendirýär. Mysal üçin, geçen noýabr aýynda Orsýet Siriýada himiki ýaraglar bilen amala aşyrylýan hüjümlere kimiň ýa kimleriň jogapkärdigi hakda BMG tarapynda barlag geçirilmegi baradaky taslamany weto edipdi.

Siriýa himiki ýaraglary ulanandygyny birsyhly inkär edip gelýär. Barlagçy topar 2015-nji ýylda ulanylan zäherli gaza “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň jogapkärdigini anyklapdy.

Orsýet urşuň tutuş dowamynda Assady diplomatik taýdan goldap, Howpsuzlyk geňeşinde özüniň hemişelik agzalygyndan peýdalanyp, girizýän wetolary bilen onuň hökümetini halkara derejesinde edilmeli basyşlardan gorap geldi.

Moskwa şeýle hem on müňlerçe adamyň heläklenmegine we millionlarça adamyň öý-öwzaryndan jyda düşmegine getiren konfliktde uruş meýdanynda Assada arka durup, 2015-nji ýylda hökümete garşy güýçlere howa kampaniýasyny başlady.