Daşoguzda okuwçylardan pornografik maglumatlar gözlenýär

Mobil telefonly gyz. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Daşogzyň merkezi şäherinde we käbir etraplaryň mekdeplerinde okuwçylaryň el telefonlarynda pornografiýa mazmunly wideo-suratlaryň barlygy ýa ýoklugy barlanyp başlandy; mundanam başga, gyz okuwçylar ginekologiýa barlagyndan geçirilip başlandy.

Geçen hepdeden bäri ýurduň demirgazyk welaýatynda ýerli bilim, milli howpzulyk gullugy, polisiýa işgärleri, şeýle-de ginekologiýa lukmanlary, öňünden duýduryş bermezden, sapak wagty ýokary klas okuwçylarynyň mobil telefonlaryny ýygnap, olardaky multimedia faýyllaryny barlap başladylar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bu reýd-barlaglarynyň welaýat häkiminiň bilim we medeniýet boýunça orunbasarynyň görkezmesi bilen geçirilýändigini aýdýarlar.

“Barlagçylar duýdansyz gelip, sende ýok-mende ýok, ählimiziň mobil telefonlarymyzy ýygnap aldylar. Şol pursat sebäplerini düşündirmediler. Emma soňundan telefonlarymyzda pornografiýa [mazmunly faýyllarynyň] gözlenýändigini bilip galdyk. Klasyň ähli okuwçysynda diýen ýaly şol faýyllar tapyldy” diýip, Gurbansoltan eje etrabyndaky mekdepleriň biriniň okuwçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan soňra, pornografiýa faýyllary tapylan okuwçylaryň mobil telefonlary ellerinden alnyp, olaryň ene-atalary bilen “düşündiriş” işleri geçirildi.

“Dädemi çagyryp, bu ýagdaý ýene gaýtalanaýsa, maňa garşy jenaýat işiniň açyljakdygyny, özüniň hem aýalmajakdygyny aýdyp, gorkuzdylar” diýip, ýokarda agzalan okuwçy gürrüň berdi.

Mobil telefonlaryndaky maglumatlar bilen birlikde, gyz okuwçylary ginekologiýa barlagyndan geçirip, olaryň gyzlygyny hem barladylar.

“Barlagçylaryň arasynda ginokologiýa lukmanlary hem bardy. Ýokary klas gyzlary hatara düzüp, mekdebiň medisina punktunda barlag geçirdiler. Gyzlygy bolmadyk gyzlaryň hem ejelerini çagyryp, köpçüligiň öňünde masgara edip, gyzlarynyň terbiýesine seretmegi tabşyrdylar. Bu barlaglardan soň, mekdep direktorymyzy hem wezipesinden aýyrdylar” diýip, Gurbansoltan eje etrabynda ýaşaýan mekdep okuwçysy gürrüň berdi.

Daşogzuň ýerli resmileri bu barlaglaryň maskatlary we sebäpleri barada, Azatlyk Radiosyna nähilidir bir düşündiriş bermekden saklandylar.

Emma atlandyrylmasyzlygyny soran bir polisiýa işgäriniň sözüne görä, soňky döwürde okuwçy gyzlarynyň arasynda ten söwdasy bilen meşgullanmak ýaly ýagdaýlar artypdyr. Ýokarky barlaglar hem bu ýagdaýlar bilen göreşmegiň bir çäresi hökmünde amala aşyrylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary häzir Daşoguzyň beýleki etraplarynda hem duýdansyz reýd-barlaglarynyň geçirilýändigini, mekdep direktorlarynyň hem howsala galyp, okuwçylaryň mobil telefonlaryny öýlerinde goýup gelmeklerini tabşyrýandyklaryny gürrüň berdiler.

Galyberse-de, bu soňky özgerişler media berk gözegçilik edýän Türkmenistanyň telewideniýede pornografik, şeýle-de “ýaramaz endikleri höweslendirýän” maglumatlary efire bermegi gadagan edýän Kanuny kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.