Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşlerini iş başarmazlykda aýyplap, käýinç, berk käýinç we soňky duýduryş bermek, wezipeden boşatmak haýbatyny atmak çärelerini dowam etdirýär. Ol anna güni geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe berk käýinç yglan edip, wezipeden boşatmak haýbatyny atdy.
D.Amangeldiýewiň tankytlanmagy ýurduň regionlarynda, hususan-da Daşoguz welaýatynda aşa sowuk howada elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi barada Azatlyk radiosynyň efire beren gepleşikleriniň, çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Mysal üçin, Azatlyk radiosy 1-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üç sagatlap toguň kesilendigini habar berdi.
“Elektrik togy etrap merkezinde hem ýok, şäheriň hiç ýerinde yşyk ýanmaýar, ýörite köçelere aýlanyp gördüm, swetoforlar işlemeýär” diýip, Azatlygyň Görogly etrabyndaky çeşmesi 31-nji ýanwarda iberen maglumatynda aýtdy.
Azatlygyň ýanwaryň aýagynda çap eden başga bir habarynda bolsa, boldumsazly ýaşaýjy gijelerine -20 gradusa ýetýän howada ozalam kadaly işlemeýän, gaz we elektrik üpjünçiligi ulgamlarynyň gaty peselendigini, soňky üç günüň dowamynda elektrik togunyň azyndan 20 gezek kesilendigini habar berdi.
“Adamlar indi öýlerinde odun ýakyp ýylynjak bolýarlar” diýip, boldumsazly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde belledi.
Emma Amangeldiýewe berlen käýinjiň Daşoguzdaky ýagdaý bilen baglydygy göni aýdylmaýar.
Prezident Berdimuhamedow ýanwaryň aýagynda goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe käýinç beren bolsa, şondan birnäçe gün öň üç wise-premýerini täzeledi; olaryň arasyndamedeniýete we metbugata gözegçilik edýän Annageldi Garajaýew hem bardy we biraz öň oňa "işde goýebren kemçilikleri üçin" käýinç we soňky duýduryş berlipdi. Şondan soň Garajaýew prezidente türkmen mediasyny “dünýä derejesinde kämilleşdirmegi" hem wada berdi.
Şeýle-de prezident ýanwar aýynyň aýagynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna käýinç berdi we bu käýinçler köplenç “wezipe borçlarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmezligi, gözegçiligiň gowşadylandygy üçin” diýlip düşündirilýär.
D.Amangeldiýew mejlisde 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bereninden soň, prezident oňa geçen mejlislerde elektroenergetika gulluklaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryk berendigini, gurluşyk işleri geçirilende tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrandygyny ýatlatdy.
“Ýanwar aýynda elektroenergiýanyň öçürilen halatlary boldy, gurluşyk desgalarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri birnäçe gezek bozuldy” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirleýär.
Şunuň bilen balylykda, döwlet baştutany wise-premýere ýurduň ähli elektrik stansiýasynda "düýpli barlaglaryň" geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle-de, bu ýagdaý gaýtalansa, prezident ony ony eýeleýän wezipesinden boşatjakdygyny duýdurdy.
Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar, şol sanda hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin ýurduň regionlarynda gaz, elektrik, suw üpjünçiligi ulgamlarynda soňky ýigrimi ýylda köp problemanyň toplanandygyny, energiýa geçirijileriniň sowet ýyllaryndan bäri hiç bir bejeriş görmedik ýerleriniň hem az däldigini aýdýarlar.
Şeýle-de synçylar soňky on ýylda, prezident Berdimuhamedowyň karary bilen, döwlet serişdeleriniň esasan Aşgabatda we "Awaza" dynç alyş zolagynda gurulýan gymmatbaha desgalara harçlanýandygyny, regionlar, etrap we oba ýerleri üçin ýeterlik serişde goýberilmeýändigini belleýärler.