Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda, Balkan welaýatyna edýän iş saparynyň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, goranmak ministrine käýinç berdi.
Türkmen metbugaty mejlisdeharby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredilendigini weýakyn geljek üçin wezipeleriň kesgitlenilendigini habar berýär.
Mejlisiň başynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe söz berildi. Ministr harby özgertmeleriň barşy, şol sanda ýurduň harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi diýip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.
Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow, “wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe käýinç yglan etdi. Habarda “işde goýberilen kemçilikleriň” detallary açylmaýar.
Şol bir wagtda, döwlet baştutany ýurduň Ýaragly güýçleriniň düzümlerini döwrebap derejede enjamlaşdyrmak, harbylaryň gulluk, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Türkmen goşunynyň tehniki üpjünçiligi barada aýdylanda, prezident Berdimuhamedow soňky wagtlarda ýygy-ýygydan serhet galalaryna sapar edýär we ol ýerde täze satyn alnan harby tehnikalar, döwrebap ýaraglar bilen tanyşýar, olaryň käbirini synag edýär.
Şeýle-de, soňky ýyllar metbugatda serhet goşunlarynyň serkerdeleriniň we beýleki harby gullukçylaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak programmasynyň çäginde täze edara we ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygy habar berilýär.
Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň, türkmen goşunyna berilýän üns, S.Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende, kän özgerdi: esgerleriň egin-eşikleri, naharlanyşy gowulandy, dedowşina – agalyga garşy çäreler görüldi.
S.Nyýazow döwründe esgerler özlerini azyk bilen üpjün etmä borçly edildi we goşundaky azyk ýetmezçiligi, esgerleriň sekerdeler we öň gelen gullukdaşlary tarapyndan ezilmegi, harby bölümi taşlap gitmäge mejbur edilen esgerleriň türmä basylmagy ýaly habarlar ene-atalary uly alada goýýardy.
Soňky bir ýylyň dowamynda bu alada täzeden güýçlendi we ogullaryny goşun gullugyna ugradan ene-atalar esgerleriň azyk bilen üpjünçiliginiň görnetin ýaramazlaşandygyny habar berýärler.
“Çagam horlanmasyn diýip, göteribilen iýmitlermi göterip, ýurdyň o çetinde gulluk edýän oglumyň yzyndan gatnamaga mejbur bolýaryn” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy geçen ýylyň noýabrynda Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.
Azatlygyň başga bir çeşmesiniň tassyklamagyna görä, harby ýolbaşçylar esgerlere goýberilýän azyk önümleriniň azaldylmagy netijesinde dörän meseleleri ene-atalaryň hasabyna çözmäge çalyşýarlar.
“Harby bölümleriň içinde hususy dükanlaryň açylmagyna rugsat berdiler we esgerler indi şol dükanlarda bar bolan azyk önümlerinden satyn alyp, özbaşlaryna naharlanýarlar” diýip, aşgabatly ene aýtdy.
“Şu ýagdaý sebäpli her kim esger oglunyň yzyndan baryp, olara pul goýup gaýtmaga çalyşýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Howpsuzlyk geňeşiniň Balkanda geçirilen mejlisinde bu ulgammyň beýleki ýolbaşçylary hem hasabat berdiler. Emma metbugatda başga kemter gaýdylýan ýa heniz doly çözülmedik meseleler agzalmady.