Eýran Türkmenistanyň garşysyna ýene bir şikaýat bilen HAK-a ýüz tutmakçy

Eýranyň nebit ministri Bižan Zangene

Eýranyň nebit ministriniň 29-njy ýanwarda IRNA habar gullugyna aýtmagyna görä, Tähran Türkmenistanyň garşysyna ýene bir şikaýat bilen Halkara arbitraž kazyýetine (HAK) ýüz tutmakçy bolýar.

Bižan Zangene “Tähran bilen Aşgabat bir-birlerine garşy şikaýatlary yzarlaýarlar. Türkmenistan Eýranyň 1.5 milliard dollar bergisiniň bardygyny aýdýar, emma biz bu sanyň dogry däldigine ynanýarys” diýdi.

“Biziň pikirimizçe, bu baha gaty ýokary, ol azaldylmaly... beýleki şikaýat Türkmenistandan importirlenen gazyň hili barada” diýip, Zangene aýtdy.

Iki ýurduň arasynda 2016-njy ýylyň aýaklarynda başlan gaz dawasy ondan bir ýyl soňra Eýrana akdyrylýan gazyň kesilmegine getiripdi. Türkmenistan eksport edýän gazynyň bahasyny ýokarlandyrmak üçin, gazy kesmek bilen ozal-da ençeme gezek haýbat atypdy. Eýranyň demirgazyk regionlaryna, gaza baý günortadan uzakda ýerleşýändigi sebäpli, aýratyn-da gyş aýlarynda, Türkmenistandan gaz gerek bolýar diýip, IRNA habar gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Şol sebäpden Eýran gazyň akyp durmagyny üpjün etmek üçin ýurdy kanagatlandyrypdy. Ýöne soňky birnäçe ýyllykda Eýran sowuk demirgazyk regionlaryna gaz ýetirmek üçin zerur bolan geçirijini gurup tamamlady, türkmen gazyna garaşlylykdan dyndy.

2008-nji ýylyň gyşynda howanyň adatdan daşary sowuk mahalynda Türkmenistan gazyň bahasyny sekiz esse artdyryp, 1000 m3 bahasyny 40 dollardan 360 dollara ýetirdi. Agyr şertlerde Eýran hökümeti bu baha bilen ylalaşmaly boldy, ýöne soňra gazyň bahasynyň aşaklamagy netijesinde Türkmenistandan akdyrylýan gazyň hem bahasy aşaklady.

Türkmenistan Eýranyň özüne bolan bergisini 1,5 milliard bilen 1,8 milliard dollar aralygynda diýip berýär. 2017-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bu mesele boýunça Halkara arbitraž kazyýetine ýüz tutdy. Şondan soňra Eýran-da şol mukdarda öwez puluny talap edip, bu kazyýete ýüz tutmak kararyna geldi.

Eýranyň şikaýaty üç bölekden ybarat: Türkmenistanyň öňünden duýdurmazdan 2017-nji ýylyň ýanwarynda berýän gazyny kesmegi, gazyň hiliniň pesligi, şeýle hem bahanyň ýokarydygy. IRNA habar gullugynyň maglumatynda Eýran öz goňşusyndan gaz import etmäge indi mätäç däl hem bolsa, goňşulary bilen iş salyşmagy ýaýbaňlandyrmak we regional energiýa bazarynda bolmak maksady bilen gaz importyny dowam etdirýär diýilýär.

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Hamid-Reza Aragy IRNA habar gullugyna beren interwýusynda Tähran şindi-de Aşgabatdan tebigy gaz satyn almaga gyzyklanýar, “ýöne olar geljekde arzanrak bahany kabul etmeseler, biz bu meseläni Halkara arbitraž kazyýetine äkideris” diýdi.

Herniçik-de bolsa, dawada utulan Türkmenistan bolar. Birinjiden, ol özüniň iň uly müşderisi, ýagny Eýrany ýitirer. Ikinjiden, bu ýurtdan tebigy gaz eksport etmek gaty harajatly zat. Sebäbi Türkmenistan gazyny özüniň täze müşderilerine, ýagny Hytaýa, Ýewropa we Pakistana ýetirjek bolsa, oňa uzak, gymmatbaha geçirijiler gerek bolar. Türkmen gazyny Eýrana ýetirmek üçin bolsa uly harajat gerek däl, iki ýurt goňşy. Üçünjiden, dünýäniň iň uly tebigy gaz rezerwleriniň biri bolan Türkmenistana gazyny eksport etmek üçin Eýran gerek diýip, IRNA habar gullugynyň maglumatynda bellenýär.