Ýerli resmiler: prezidenti aldaýarlarmy ýa-da ilaty?

Maryda prezidentiň saparynyň öňüsyrasynda mekdep mugallymlaryna çäreler barada görkezmeler berlip başlandy.

Türkmenistanyň prezidentiniň welaýatlara saparlary wagtynda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, edara-kärhanalaryň işgärleriniň köp köseniçliklere hem çykdajylara sezewar bolýandygy hakda maglumatlar artýar.

Mary welaýatyndan bir mugallymyň aýtmagyna görä, prezident welaýata geljek diýlenden, ýagny bir öňünden, çäreler barada ýerli edara-kärhanalaryň işgärlerine, mekdep mugallymlaryna welaýat häkimleri tarapyndan görkezmeler berlip başlanýar.

Mekdep okuwçylaryndan ýol ýakasynda janly diwarlary düzmeklige taýýarlyk hökmany görkezme bolup durýar. Ondan ötri her bir mekdep okuwçysynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň durmaly ýerleri öňünden kesgitlenip, okuwçylary hem-de edara-kärhananyň işgärlerini öz durmaly ýerlerinde, birnäçe günläp taýýarlyga çekýärler. Bu taýýarlyklar bolsa ähli adamy, esasanam mekdep okuwçylaryny juda ýadaýar diýip, maryly mugallym aýdýar.

Mary welaýatynyň Serhetabat şäherçesinden bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, ýakynda döwlet ýolbaşçysynyň Serhetabada eden sapary wagtynda, häkimlikler tarapyndan edilen gözçykgynçlyklar has hem çökder bolupdyr.

“Şäherçäniň dükanlarynda ozal hiç wagt bolmadyk bol-elinlik peýda boldy. Arzan nyrhdan süýji-kökeler, ösümlikdir mesge ýaglary, arzan ýumurtgadyr arzan çakyrlar, garaz, islän azyk önümiň dükanlary dolduryp durdy. Iň esasy zat bolsa, ozal hiç wagt beýle bahadan satuwa çykmadyk, agramy 50 kilogramlyk bolan birinji sortly unly haltalar dükanlarda peýda boldy.


Emma serhetabatlylar bu harytlary satyn almak mümkinçiliginden mahrum edildiler. Dükana baryp, pylan zatdan çekip ber diýseler ýa bir halta un aljak bolsalar, alyjylara harytlaryň satylmaýandygyny aýdyp, satyjylar olary boş gaýtardylar. Harytlaryň ilata näme üçin satylmaýandygyny soranlarynda satyjylar: “Prezident geljek, şol gelende dükanlarda arzan harytlar durmaly diýen görkezme bilen, dükanlara haryt geldi” diýdiler. Olaryň aýdyşy ýaly-da, prezidentiň Serhetabada gelip-gitmegi bilen bu bol-elinçilik ýitrim bolup, dükanlaryň tekjeleri ozalky ýaly boşap galdy. Bahasynyň 37 manatdygyny hatda ýaşaýjylaryň ozal bilmedik ununy indi 50 manatdanam tapyp bolmaýar” diýip, ol serdarabatly aýdýar.

Şeýle gözçykgynç hereketleriň etrapdyr welaýat häkimlerinden gelip çykýandygyny tassyklaýan ýaşaýjylar has ýokarrakdaky emeldarlaryň bu zatlardan habary ýokmukan diýip, degişli emeldarlaryň halkyň etraplardaky hakyky ýagdaýyndan habar alsalar oňat boljakdygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda ilat un ýetmezçiliginden, azyk önümleriniň bahalayrnyň yzygiderli ýokarlanmagyndan, işsizlikden aşa kösenýärler. Emma ilatyň halyndan habar alýan resmi görünmeýär. Haýsydyr bir problemaň bilen häkimliklere ýüz tutmak islän halatyňda hem häkimlikler ilaty kabul etmeýärler.

“Olaryň ilaty kabul etmek günleriniň bellenendigine garamazdan, haçan barsaň ‘Häkim ýerinde ýok’ diýen jogaby berýärler. Häkimden aşakdakylaryň bolsa çözýän zatlary ýok” diýip, ýaşaýjylar närazyçylygyny aýdýarlar.

Prezidentiň welaýatlara gelmegi bilen onuň jan saglygyna berilýän sadakalar üçin edara-kärhanalaryň işgärlerinden mejbury pul toplanýandygyny hem ýaşaýjylar aýdýarlar.