Trampyň duýduryşyna garamazdan, Erdogan Siriýadaky operasiýalara dowam ediljekdigini aýdýar

Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan howpsuzlyk ýygnagyny geçirýär.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Afrin şäheriniň kürtleriň gözegçiligindäki bölegine garşy serhetaşyr operasiýalary güýçlendirmek wadasy Ankaranyň ýaranlarynyň ençemesinde aladalanma döretdi.

Erdoganyň 24-nji ýanwarda eden bu çykyşy onuň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň yzýanyna gabat geldi. Tramp Erdogany “türk we amerikan goşunlarynyň arasynda konfliktiň töwekgelçiligini döredip biljek islendik hereketden saklanmaga” çagyrdy.

Ak tamyň metbugat wekili Sara Sandersiň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Tramp Afrinde zorlugyň dowam etdirilmegi “Yslam döwleti” jeňçi toparyny ýeňmek boýunça “biziň Siriýadaky umumy maksatlarymyzyň gadyryny gaçyrýar” diýip nygtady.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym türk goşunlarynyň gatnaşmagynda siriýaly gozgalaňçy ýaranlaryň amala aşyrýan operasiýalarynda söweş uçarlarynyň, toplaryň we tanklaryň ulanylýandygyny hem-de bu operasiýalaryň Siriýanyň çäginde 30 kilometrlik howpsuzlyk zonasyny döretmegi maksat edinendigini aýtdy.

20-nji ýanwarda başlanan “Zeýtun şahasy” atly bu operasiýa Türkiýäniň serhediniň golaýynda kürtleriň gözegçiligindäki giňişliklere gönükdirilýär.

Erdogan türkleriň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň soňy bilen Manbije geçjekdigini aýtdy. Bu şäheri 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň penasyndaky kürt güýçleri “Yslam döwletinden” yzyna alypdy.

“Terroristleri ýok etmek”

Kürt resmisi Germaniýanyň “dpa” habar agentligine beren gürrüňinde amerikaly harbylaryň henizem Manbiçdedigini aýtdy. Bu ýagdaý NATO-nyň ýaranlarynyň arasynda tötänleýin çaknyşyk ähtmallygyny döredip biler.

“Manbije girmek bilen biz öz serhedimizdäki oýny bozarys hem-de tutuş regiony bu bozgaklardan halas ederis” diýip, Erdogan aýtdy we “terroristleriň ýoguna ýanyljakdygyna” wada berdi.

Siriýanyň hökümeti operasiýalary “Afrindäki türk agressiýasy” atlandyryp, muny ýazgardy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitri Peskow Afrindäki operasiýalary “Moskwanyň üns bilen synlaýandygyny” we özleriniň türk hem-de Siriýa hökümetleri bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.

Siriýada 2011-nji ýylda protestleriň basyp ýatyrylmagy bilen turan urşuň dowamynda, ýüz müňlerçe adam wepat boldy we çaknyşyklarda Orsýet başdan-ahyra prezident Başar al-Assada möhüm goldaw berdi.

22-nji ýanwarda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Waşingtony siriýaly kürtleriň arasynda seperatist duýgulary öjükdirmekde we Siriýa hökümeti bilen ýaraşdyrmazlyk üçin, kürtleriň başyny aýlamakda aýyplady.

Lawrow Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda: “Bu ýa ýagdaýa düşünmezlik, ýa-da bilgeşleýin edilýän prowokasiýa” diýdi.

Reuterse gelip gowşan habarda aýdylmagyna görä, Londona eden saparynyň dowamynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Siriýanyň demirgazygynda bolup geçýän türkler bilen baglanyşykly hadysa sebäpli Birleşen Ştatlaryň aladalanýandygyny aýdypdyr we taraplary takatlylyga çagyrypdyr.

Tillerson: “Biz Türkiýäniň öz raýatlaryny terrorçy elementlerden goramak boýunça onuň legitim hukuklaryna ýokary baha berip, ýagdaýa düşünýäris” diýdi we “Waşington Türkiýäniň legitim howpsuzlyk aladalaryna bilelikde salgylanmak üçin, iki ýurduň mümkinçiliklerine seretmegi maksat edinýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

The Associated Pressiň habar bermegine görä, NATO-nyň ýaýradan beýanatynda Türkiýäniň terrorçylykdan ejir çekendigi we muňa garşy özüni goramaga onuň hukugynyň bardygy, ýöne Ankaranyň muny “deň ölçegli we kadaly” ýerine ýetirmelidigi aýdylýar.