Türkmenistanda dikeldilýän Halk maslahatyna dalaşgärler hödürlenýär

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň binasy

Türkmenistanda şu ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli aralykda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärler hödürlener.

TDH döwlet habar gullugy bu maglumaty Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara salgylanyp ýaýratdy. Dalaşgärler fewral aýynyň 3-nden 27-sine çenli bellige alnar.

Saýlawlarda Demokratik partiýa bilen bir hatarda Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalary ýaly täze syýasy guramalaryň wekilleri hem dalaşgärlik eder diýip, resmi habarda bellenilýär.

Mundan başga, saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçiriljekdigi, ses berişlige gözegçilik üçin ÝHHG, GDA ýaly abraýly guramalardan synçylaryň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Tapawutly ýeri, öňde duran parlament saýlawlarynda täzeden döredilýän Halk maslahatynyň merkezi geňeşiniň ýörite wekilleri hem saýlanmaly. Olar jemi 240 adam bolmaly, ýagny her welaýatdan 40, Aşgabat şäherinden hem 40 wekil saýlanmaly.

Mälim bolşy, Türkmenistanda geçen ýyl geçirilen Ýaşulular maslahatynda prezident Berdimuhamedow ozal ýatyran Halk maslahatyny dikeltmek we oňa has kän ygtyýarlyk bermek pikirini öňe sürdi.

Elbetde, häzirlikçe Halk maslahaty barada ýörite kanun ýok. Emma şeýle kanunuň mart aýynda kabul edilmegine, netijede, öňki ýyllaryň tejribesinden çen tutulsa, Halk maslahatynyň parlamentden hem ýokarda durýan gurama bolmagyna garaşylýar.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçylaryň birnäçesiniň pikirine görä, mart aýdyndan soň Türkmenistanda Nyýazow döwründäki Halk maslahatynyň hereket etjekdigine kän şübhe ýok.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Berdimuhamedowyň prezident bolandan soň ýatyran Halk maslahatynyň agzalary 1999-njy ýylda Nyýazowyň ömürlik prezident bolmagyna ses beripdiler, soňra, “25-nji Sanjar wakasy” diýilýän bilen baglylykda ölüm jezasynyň dikeldilmegine çagyrypdylar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatyna görä, saýlawlara taýýarlyk eýýäm başlandy, ýagny mekdep mugallymlaryna, maşgala lukmanlaryna we beýleki aň-bilim edaralarynyň işgärlerine özlerine golaý uçastoklarda ses berjek saýlawçylaryň sanawyny düzmek tabşyryldy. Olar ses berjekleriň 85-90 prosentine golaýynyň sanawyny düzdüler. Indi olardan, fewralyň başky ongünlügine çenli, ilkinji gezek saýlawa gatnaşýan adamlaryň aýratyn sanawyny düzmek talap edilýär.

Emma ýerli synçylar halkyň ýa-da ses bermeli ilatyň saýlawlara garaýşynda görnüp duran üýtgeşmäniň duýulmaýandygyny, adamlaryň bu saýlawlara biparh garaýandyklaryny belleýärler.

“Saýlawlara bolan ynam halkda sowet ýyllarynda gaçdy, SSSR-iň dargamazynyň öň ýanynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary sowetine halk deputatlary saýlandy, soň olar garaşsyzlyk döwründe işledi we halk wekilleri diýilýänlere bolan ynam şol ýyllardan gaçdy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly aşgabatly saýlawçy aýtdy. “Sebäbi olaryň içinde bolubilse 6-7 sany halkyň wawwaly meselesini gozgaýan deputat bardy, indi şolar ýaly bir deputat hem ýok” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.

Saýlawçylaryň käbiri şol döwürde türkmen telewideniýesiniň “Parlament sagady” diýen ýörite gepleşiginiň bolandygyny, hepdede bir ýa aýda iki gezek parlamentiň işi hakynda bir sagatlyk gepleşik berlendigini, emma indi şeýle derejedäki açyklygyň hem ýatyp galandygyny gürrüň berdi.

Parlamentiň işi babatdaky dymyşlyk, ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, 7-8 ýyllykda döwlet baştutany mejlisiň bir sessiýasyna gatnaşanda bir gezek bozuldy. Şonda prezident “eger-de men sizi saýlan saýlawçy bolan bolsam, sizi öz deputatlyk borçlaryny ýerine ýetirmeýän deputatlar hökmünde yzyňyza çagyrmak hakyndaky meseläni gozgardym” diýip, deputatlaryň işine örän tankydy baha berdi.

“Bu deputatlar hakynda resmi derejede açyk aýdylan ilkinji şeýle söz boldy, emma yzyna çagyrylan deputat bolmady” diýip, Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda şu wagta çenli garaşsyz halkara synçylary tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen saýlaw geçirilmedi.