Daşoguzda ilatdan ‘edilmedik’ hyzmatlar üçin töleg soralýar

Daşoguzdaky hojalyklaryň biri.

Daşoguz welaýatynda ýaşaýjylardan şu ýylyň hasabyna, entek ýerine ýetirilmedik kommunal hyzmatlary üçin töleg toplanyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, şu aýyň başyndan bäri welaýatyň gaz, ýangyn howpsuzlygy, elektrik we agyz-suw edaralary gapyma-gapy aýlanyp, 2018-nji ýyl üçin ediljek hyzmatlaryň tölegini öňünden ýygnap başlapdyrlar.

Ýerli resmiler her hojalykdan gaz hyzmaty üçin 20 manat, agyz-suw hyzmaty üçin 24 manat, elektrik hyzmaty üçin hem 30 manat möçberinde pul toplaýarlar. Ýeri gelende ýene bir gezek nygtasak, bu tölegler ýaşaýjylaryň sarp eden gazy, suwy, togy üçin däl-de, eýse ýokarda agzalan edaralaryň şu ýylyň hasabyna hödürlejek hyzmatlary üçin alynýar.

Sözümiziň şu ýerinde ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanandygyny öňe sürüp, 25 ýyla golaý wagt bäri ‘mugt’ berlen gazy, suwy, togy tölegli hasaba geçiripdi. Hökümet degişli ölçeýjileri goýdurmadyk raýatlara garşy gerekli dokumentleri bermezlik ýa-da dynç alyşa goýbermezlik ýaly çäreleri hem ýola goýupdy.

“Işsizlikden ýaňa çörek pulumyz alada. Bu talap edilýän tölegleri tölemäge pul nireden bolsun. Seniň ýagdaýyňa, nalyşyňa garaýan ýok, tölegi edip bilmeseň 100 manatdan tä 420 manada çenli jerime ýazyp gidýärler. Ony hem wagtynda töläp bilmeseň, seni suda çekip, prosenti bilen töledýärler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly bir raýat Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Ol tölegi we jerimäni nagt görnüşinde töläp bilmedikleriň, suduň karary bilen öý goşlarynyň mejbury döwletiň haýryna geçirilýändigini, ýagny konfiskasiýa edilýändigini hem belläp geçdi.

“Goňşymyzyň biri ‘kakamyň öýi şu ýerde, bir salym garaşyň... puly getireýin’ diýip gitse, oňa eýýäm jerimäni ýazyp gidipdirler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, adatça her ýylyň aýagynda tölenýän kommunal hyzmatlaryň häzirki pursat näme sebäpden ýygnalyp başlanandygy barada ilata hiç hili düşündirişiň berilmeýşi ýaly, bu baradaky degişli görkezme ýa buýruk hem görkezilmeýär.

Tölegleri ýygnamaga iberilen edara işgärleriniň aýtmagyna görä, olara diňe dilden görkezme berlipdir.

“Bu barada welaýat derejesindäki ýolbaşçylar dil üsti bilen görkezme berdiler. ‘Hiç kimiň hal-ýagdaýyna seretmäň. Haňk-huňk etjek bolsalar göni jerime ýazyň’ diýip tabşyrdylar. Biz diňe ýumuş oglany. Biziň özümiz hem bulary töläýmeli” diýip, anonim galmak şerti bilen ýerli kommunal edaralaryň işgärleriniň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýokarky maglumatlar dogrusynda, Daşogzyň degişli edaralary we ýolbaşçylary resmi derejede nähilidir bir maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Galyberse-de, bu ýagdaýlar Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi we pul ýetmezçiligi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe bolup geçýär. Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ýüz millionlarça dollarlyk, şol sanda myhmanhanalaryň, konferensiýa zallarynyň gurluşygyny alyp barýar.