IIM-niň soňky duýduryş berlen başlygyna täze orunbasar bellenildi

Kölegede duran polisiýa işgärleri

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow polisiýanyň podpolkownigi Öwezdurdy Hojanyýazowy Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine belledi diýip, TDH habar berýär.

Şol bir wagtda Hojanyýazowyň bilim-tejribesi, ozalky işlän ýeri ýa-da kimiň ýerine orunbasar bellenendigi, ýa ministrlikde ýene bir orunbasar ornunyň döredilendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Içeri işler ministrliginde täze orunbasaryň işe başlamagy ministr Isgender Mulikowa geçen ýylyň dowamynda ençeme käýinjiň we goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek barada berlen soňky duýduryşlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Adat bolşy ýaly, türkmen prezidenti işinde kemçilik goýberendigi üçin wezipesinden boşadýan resmileriniň ýerine köplenç şol kemçilik goýberilen edarada orunbasar bolup işleýän adamlary belleýär. Şol bir wagtda Mulikow bu wezipä garaşsyzlyk ýyllarynda bellenen iň ýaş we uzak saklanan ministr hökmünde tanalýar.

Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň maglumatyna görä, Isgender Mulikowyň ýokarsyndaky bulutlar baryp maý aýynda turan korrupsiýa galmagalyndan hem öň garalyp ugrady. Bu ýagdaý Mulikowyň ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň gününe düşmezlik üçin öz arzasy bilen işden çekilmäge çalyşmagyna alyp geldi. Emma prezident Berdimuhamedow onuň işden çekilmek baradaky arzasyny kanagatlandyrmady diýip, ynamdar çeşme aýtdy.

Ikinji tarapdan, Mulikowa işden goýberen kemçiliklerini düzetmek barada berlen soňky duýduryşdan soň ýurtda ak däl reňkli awtomobilleriň garşyna ‘repressiýa’ başlandy. Emma muňa garamazdan, türkmen telewideniýesi ozal esasan ak maşyn münen döwlet baştutanyň özüniň indi gara reňkli maşyn sürüp, harby baza barşyny görkezýär.

Ýerli synçylar içeri işler ministriniň yzly-yzyna käýinç almagyny soňky on ýylda ýurtda jenaýatçylygyň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, Mulikowyň ministr bellenenine şu ýyl on ýyl dolýar, emma ýurtda jenaýatçylyk azalmaýar.

Biz golaýda ýurduň türme-zähmet düzediş ulgamy barada nobatdaky hasabatymyzy çap etdik. Ondan öň 2010-njy ýylda çap eden hasabatymyzda biz tussaglaryň sanyny hasaplap, olaryň 27 müňe golaýdygyny aýtdyk, häzir biziň hasabymyzda tussaglaryň sany 30 müň, ýagny jenaýatçylyk görnetin köpelýär, polisiýa oňa garşy çäre görüp bilmeýär” diýip “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň baş redaktory Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligindäki çeşmäniň Azatlygyň habarçysy bilen özara söhbetdeşlikde, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürrüň bermegine görä, ýurtda işsizligiň ösmegi jenaýatçylygyň esasy çeşmesi bolup durýar we beýle ýagdaýda diňe adamlary tussag etmek, repressiýany güýçlendirmek ýa türme möhletlerini uzaltmak garaşylýan netijäni bermeýär.

Hukuk goraýjy Tuhbatullin hem bu pikir bilen ylalaşýar. Şol bir wagtda ol türkmen polisiýasynyň öz gönüden-göni wezipesine girmeýän işlerde ulanylýandygyny belleýär.

Mysal üçin, olary gara reňkli maşynlary awlamak, banklaryň ýa Western Ýunionyň öňündäki nobatlary dargytmak, telekeçiler bilen hasaplaşmak, palçylara jerime salmak ýaly işler bilen meşgullanmaga mejbur edýärler. Meniň pikirimçe, polisiýanyň bu zatlaryň hemmesine ne güýji, ne serişdesi ýetýär” diýip, hukuk goraýjy aýtdy.

Ikinji tarapdan, Tuhbatullin hukuk goraýjy organlardaky korrupsiýanyň hem juda uly mesele bolup durýandygyny ýatlatdy.

Ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, Berdimuhamedow edil häzir Mulikowyň edarasyna jenaýatçylyga garşy göreş meselesinde kömek etmäge çalyşýar we, belki-de, täze orunbasar indi diňe şu wezipe bilen meşgullanar.