Daşary ýurt pasportyny almak isleýänler soraga çekilip, paç töledilýär

Pasport almaga nobata duran ýaşaýjylar.

Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady krizisiniň fonunda käbir etraplardaky howpsuzlyk we arçynlykresmileriniň daşary ýurt pasportyny almak isleýän ýönekeý raýatlara basyş edip, olary soraga çekip, ahyrynda-da paç tölemäge mejbur edýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Amyderýa, Halaç, Sakar we Serdarabat etraplarynyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, ol etraplaryň oba geňeşliklerinde we arçynlyklarynda daşary ýurt pasportyny almak isleýän raýatlar derrew etrap howpsuzluk bölümine bildirilýär. Soň daşary ýurt pasportyny almak isleýän raýatlar etrap howpsuzluk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilip, basyşa duçar edilýär. Beýleki tarapdan, oba geňeşliklerindäki we arçynlyklardaky resmiler hem daşary ýurt pasportyny almak isleýän raýatlary özlerine müň manat paç tölemäge mejbur edýändigi öňe sürülýär.

"Sen daşary ýurt pasportyny alyp nirä gitjek? Näme üçin pasport aljak bolýarsyň? Seniň daşary ýurtda işläp ýören hossaryň, dogan-garyndaşyň ýa-da tanyşyň barmy? Olar saňa nähili wadalar berdi?" ýaly sowallar berip, berk soraga çekýärler. Ondan soň hem arçynlygyň işgärleri derrew seni etrap milli howpsuzlyk bölümine bildirýärler. Etrap milli howpsuzlyk bölüminiň işgärlerem: "Seniň daşary ýurtda kim bilen aragatnaşygyň bar? Onuň daşary ýurda gidenine näçe ýyl boldy? Öýlenenmi ýa-da öýlenmedikmi? Näçe çagasy bar? Aýda näçe manat pul goýberýär? Näme üçin Türkmenistana dolanyp gelenok? Olar bilen näme hakda gürrüň edýärsiňiz?" ýaly sowallar berýärler. Ondan soň raýatlyk ýagdaýyň baradaky haty almak üçin gaýtadan arçynlyga baran mahalyň, ol ýerdäki resmiler "Komitetden sen barada käbir zatlar aýdyldy. Şeýle ýagdaýdan sypjak bolsaň 1000 manat berýäň, soň seniň adyňy tutan, seni soran-idän bolmaz. Biz şuňa kepil" diýip, basyş astynda senden şeýle paç tölemegiňi talap edýärler" diýip, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.

Olar şol bir wagtyň özünde ady agzalýan etraplardaky arçynlyklaryň we oba geňeşleriniň işgärleriniň Türkiýede zähmet migranty bolup işleýänleriň hossarlarynyň öýlerine baryp, migrantlar hakda jikme-jik maglumat ýygnamaga synanyşýandygyny öňe sürýärler.

"Olar gapy-gapy aýlanyp, hossarlaryndan migrantlaryň şahsy telefon belgisini, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysyny, elektronik salgylaryny we sosial ulgamlardaky salgylaryny talap edýärler. Bu ýagdaýyň ýaramaz täsiri ylaýta-da Sakar etrabynda has ýiti duýulýar" diýip, Azatlyk Radiosyna maglumat beren Sakar etrabynyň käbir ýaşaýjylary aýdýarlar.

Ýokarda agzalýan ýagdaýlaryň dogrudygyny we dowam edýändigini Türkiýede işläp ýören käbir türkmen zähmet migrantlary tassyklaýar.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosyna Daşoguzdan hat ýazan käbir diňleýjiler: "Aşgabatda firmalarda iş ýatdy. Bar olan işleriň hem aýlyklaryny töläp bilenoklar. Paýtagtyň polisi hem welaýatlylary erbet gysýar. Şol sebäpden ýaşlar ýurtdan gaçyp bilse razy. "Türkiýä baryp, ýerleşip, şol ýerde galmagyň alajy tapylsa, yzymyza dolanmarys" diýýänler hem az däl. Geçen ýyl howpsuzlyk gullugynyň işgärleri hem wiza almakçy bolýanlary soraga çekip, hatda maşgalasyna hem azar berýärdi. Täze ýyldan soň bolsa olar hem: "Halal işleseňiz boldy. Biz size Daşoguzdan iş tapyp berip bilmeýäris. Sag-aman işläň, azaryňyz degmese we Aşgabada işe barmasaňyz bolýar" diýýärler" görnüşinde ýurtda bolup-geçýän ýagdaýlardan habar berýärler.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda, degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.