Mary welaýatynyň etraplarynda galla gytçylygnyň artmagy bilen kepekdir künjara, ýagny saryun nobatlarynyň hem artýandygy barada maglumatlar artýar.
Mary welaýatynyň Türkmengala etrap galla önümleri kärhanasynyň kepek dükanynyň nobatlary dükanyň 500 metr golaýyndaky polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň gözegçilik punktyna çenli uzap, her gün magistral ýoluň hereketine öz täsirini ýetirip başlapdyr.
Uly ýoldan geçýän ýolagçylar hem munuň nämäniň nobatydygy bilen gyzyklanyp başlanlaryndan soňra, etrabyň resmileri dükany şäheriň demirgazyk bölegine geçirmeklige görkezme berdiler.
Şäherdäki işsizleriň sanynyň artmagy, eklenç üçin dürli gazanç çeşmesini gözleýän adamlaryň köpelmegi bilen dükanyň ýeri üýtgedilse-de, ondan kepek alyp satýanlaryň sany kemelmedi diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
“30 kilogramlyk bir haltasy 9 manada durýan kepek nobatyny azaltmak maksady bilen resmiler kepek satyn almaga talon girizip, ony Ýolöteniň mal bazarynda ilata paýlap başladylar. Indi hem kepek dükanynda nobata durulýar, hem-de mal bazarynda ozal agşamdan talon nobatyna durýarlar” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.
Talonyň girizilmegi bilen adamlaryň kepek satyn almagy ýeňilleşmän, gaýtam kynlaşandygyny hem aýdýarlar. Sebäbi talon paýlaýan işgär nobaty deňleşdirip bermän, tersine nobatlary garyşdyryp, ilaty köseýär.
Iň öňde talon nobatyna durana iň soňky belgili talonyň berilýän halaty hem boýar. Ondan soňra dükanda sen öňdäki nobata duran bolsaň-da, seniň talonyňa yzky nobatlar ýazylan bolsa, saňa kepegiň ýetmeýän halaty hem bolýar. Sebäbi paýlanýan talona laýyk kepek hem satuwa çykarylmaýar.
Bu edilýän işleriň ilatyň bähbidine däl-de, ilaty kösemek üçin bilkastlaýyn edilýän çäreler ýaly görünýändigini hem etrabyň ýaşaýjylaryndan eşitmek bolýar.
“Ilat sergezdan günde galdy. Gazanç etmäge iş ýok. Her kim aç galmajak bolup, gije-gündiz bir döwüm çöregiň ugrynda sergezdan günde” diýip, etrabyň bir ýaşaýjysy kepek nobatyna durýanlar bilen bolup geçen bir wakany ýatlaýar.
“Gije sagat 2 töweregi telefon jaňyna oýandym. Ýaşuly bir zenanyň sesi eşidildi. “Näme henizem ýatyrmysyň? Tur bahymrak, kepek nobatyna gideli” diýip, ol zenan halsyz ýagdaýda gürledi.
Men oňa “Özüňize gerek belgini aýlaň, siz ýalňyşdyňyz” diýip jogap berdim. Ýöne şondan bäri bir hepde wagt geçse-de, gijelerine gözüme uky gelenok. Ilatyň düşen hal-ýagdaýy meni juda gynandyrýar” diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Ilatyň güzeran üçin şeýle sergezdan ýagdaýda galan halatlarynda, türkmen mediasynda aldygyna ýurtda bolçulygyň, bagtyýarlygyň artandygyny magtaýarlar.