Daşoguzda pensiýa ýaşyna ýetenleri işinden boşatmak tabşyryldy, emma...

Mugallym.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň dürli edara-kärhanalaryna pensiýa ýaşyna ýeten işgärlerini şu ýylyň martyna çenli wezipelerinden boşatmak barada degişli ministrliklerden ýörite görkezme geldi. Emma munuň netijesinde, onsuz hem kadr ýetmezçiliginden kösenýän käbir, şol sanda bilim we saglyk pudaklarynyň agyr ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyna hem üns çekilýär.

Atlandyrylmasyzlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýurduň demirgazyk welaýatynyň ýaşaýjylary täze ýylyň gelmegi bilen tas ähli-edara kärhanalara diýen ýaly ýörite tabşyrygyň gelip, onda pensiýa ýaşyna ýeten we häzir işlemegini dowam etdirýänleri wezipesinden boşatmagyň talap edilýändigini aýdýarlar.

Munuň yzýanyndan, döwlet edaralarynda pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri kadrlar bölümine çagyryp, olara “işden boşatmak” barada arza ýazdyryp başlapdyrlar.

Emma munuň bilen birlikde, käbir pudaklaryň ýolbaşçylarynyň ‘ýokardan gelen’ görkezmä garamazdan, pensiýa ýaşy dolup, öz islegi bilen ýa-da saglyk ýagdaýy boýunça gitmekçi bolýan işgärlerini hem wezipesinde saklap galjak bolýandyklary aýdylýar.

“[Daşoguzda] onsuz hem mugallym we lukman ýetmezçilik edýär. Ozal işläp ýörenlerlere ýalbar-ýakar edip, zordan gün görýärdik. Meniň ýolbaşçylyk edýän mekdebimde fizika, iňlis dili mugallymlary asla-da ýok... Bu sapaklary klas ýolbaşçylarynyň özleri okadýarlar. Elbetde, munuň bilime erbet täsir ýetirýändigine düşünýäris. Emma bu ýagdaýlary ýokarkylar [ýolbaşçylar] döretdiler, biz bolsa, soňky güýjümiz bilen dyrjaşýarys. Sebitde bank, ykdysadyýet ugrundan kollejleri gutaran ýaşlar köp. Ýaş mugallymlar gaty az” diýip, Daşoguz şäheriniň mekdepleriniň biriniň müdiri Azatlyk Radiosynyň çeşmesine gürrüň berdi.

Ol eger-de görkezmä boýun bolup, gartaşan mugallymlary wezipelerinden boşatsalar, onda 2-3 klasy goşup we mugallymlary 3 çalşyrgyçda, ýagny smenada işletmeli boljakdyklaryny hem aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň maglumatyna görä, häzir dürli etraplaryň mekdep müdirleri wezipelerinden boşatmaly mugallymlaryň deregine täze işgärleri gözläp başlapdyrlar.

Ýokarda beýan edilen maglumatlar dogrusynda ýurduň we Daşogzuň degişli Bilim edaralaryndan soralanda, olar nähilidir bir maglumat ýa kommentariýa bermekden ýüz öwürdiler.

Bu barada, şeýle-de köpçülikleýin kadr kemeltmeleri barada ne hökümet maslahatlarynda, ne-de döwlet mediasynda kelam agyz söz aýdylýar. Munuň deregine, ýurduň ähli pudaklarynyň “bedew bady” bilen özgerýändigi, raýatlaryň hem “bagtyýarlyk döwründe” ýaşandygy dogrusynda, dyngysyz maglumatlar berilýär.