Türkmenabatlylar arkaýyn ýaşap bilmeýändiginden nägile bolýarlar

Türkmenabat

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň merkezindäki ýaşaýjylar ýollaryň we dynç alyş ýerleriniň ýapylyp, özleriniň ol ýerlerden daşlaşmaga mejbur edilmegi sebäpli indi bu şäherde arkaýyn ýaşar ýaly bolmandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Türkmenabat şäheriniň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, Gurbansoltan eje adyndaky etrap polisiýa bölümi bilen owalky Serdarabat, häzirki Çärjew etrabynyň polisiýa bölüminiň başlyklary işden ýa-da öýünden çykan badyna, şäherde olaryň geçjek ýollary ýapylýar we adamlar hem olaryň geçjek ýa-da barjak ýerlerinden daşlaşdyrylýar. Hepdäniň altynjy ýa-da bazar günleri bolsa şol polisiýa müdirleriniň şäherdäki Dostluk seýilgähine maşgalasy bilen barmagy sebäpli, ol ýeriň daş-töweregi doly ýapylýar we ýerli halkyň seýilgähi terk etmegi hem golaýda görünmezligi talap edilýär. Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary yzygiderli ýagdaýda dowam edýän bu düzgüniň halkyň durmuşyna ýaramaz täsir edýändigini we indi şäherde arkaýyn ýaşar ýaly bolmandygyny öňe sürýärler.

"Gurbansoltan eje adyndaky etrap polisiýa bölümi bilen Çärjew etrabynyň polisiýa bölüminiň müdirleriniň geçýän ýollarynyň ýapylmagy sebäpli ýaşaýjylaryň gaty kyn ýagdaýda galýandygyny we olar maşgalalary bilen seýilgähe barjak mahaly hem ol ýeriň halka doly ýapylýandygyny, hatda ol ýerde dynç alýanlaryň derrew kowulýandygyny olar prokuratura çenli birnäçe gezek arza-şikaýat etdiler. Soň arza beren adamlar prokuratura çagyrlyp, şol polisiýa müdirleri barasynda beren arzalaryny yzyna almagy talap edildi. Netijede, şäheriň ýaşaýjylary atylýan haýbatlardan soň öz arzalaryny yzyna almaga mejbur boldular. Lebap welaýatynyň welaýat häkimi ýa-da Türkmenabadyň şäher häkimi ýoldan geçende, şeýle görnüşde ýollar ýapylmaýar we berk howpsuzlyk çäreleri görülmeýär. Ýöne diňe şol iki polisiýa müdiri nirä barsa, şol ýeri doly ýapyp, adamlary gaty heläk edýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýüz tutan türkmenabatly ýaşaýjylardan biri aýdýar.

Türkmenabat şäheriniň içeri işler edarasynda işleýän bir işgär hem ýerli halkyň öňe sürşi ýaly şeýle düzgüniň bardygyny we henizem dowam edýändigini gürrüň berýär.

"Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Türkmenabat şäherine sapar edende, käbir ýerli ýolbaşçylar bilen bilelikde korrupsiýa baş goşandygy äşgär bolandan soň "Kirow" daýhan birleşiginiň başlygynyň özüni asmagy sebäpli gozgalan kazyýet işinden ugur alyp, prokurory wezipesinden boşadypdy. Ýöne şonda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap polisiýa bölümi bilen owalky Serdarabat, häzirki Çärjew etrabynyň polisiýa bölüminiň müdirleriniň ýollary we seýilgähi ýapdyryp, halkyň ýaşaýşyna ýetirýän ýaramaz täsiri barasyndaky arza-şikaýatlar prezidentiň saparynda gün tertibine getirilmedi" diýip, Türkmenabat şäheriniň içeri işler edarasynda işleýän bir işgär Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.