Protestçiler Londonyň ilkinji musulman häkimiň sözüni bölüp, ony tussag etmäge çagyrdylar

Londonyň şäher häkimi Sadyk Han

Milletçi protestçileriň kiçiräk topary öýde ýasalan dar agajyny alyp gelip, Londonyň konferensiýa zalynda Londonyň ilkinji musulman häkiminiň sözüni böldüler.

Olar onuň gazaplylygy we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy sylamaýandygy üçin “tussag edilmegini” talap etdiler.

Özlerini “Ak Pendragonlar” diýip atlandyran onlarça protestçi 13-nji ýanwarda, şäher häkimi Sadyk Hanyň sözüni 15 minut çemesi gijikdirenlerinden soň, polisiýa tarapyndan çetleşdirildi.

Ol topar Trampa we Breksite tarapdar şygarlara gygyrdy we olaryň biri: “Hanymlar we jenaplar, biz bu gün bu ýere zorluksyz we parahatçylykly raýat tussaglygyny amala aşyrmaga geldik” diýdi.