Türkmenistanyň Agrar partiýasy nobatdan daşary III gurultaýyny geçirýär

Lebap, türkmen daýhany

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.

“Biz babadaýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Şeýle-de, döwlet baştutany daýhanlar üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynýandygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, prezident geçen ýyl daşary ýurtlardan gök önüm satyn almak üçin harçlanýan altyn puly tygşytlamagy talap etdi we galla planynyň dolmazlygy, pagtaçylykdaky meseleler sebäpli iki welaýatyň häkimini wezipesinden boşatdy.

Prezidentiň gutlagynda tassyklanmagyna görä, ýurduň agrar partiýasy “döredilen gününden bäri geçen gysga döwrüň içinde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmek... arkaly giň halk goldawyna hem-de uly abraýa eýe boldy”.

Emma ýerli synçylar bu partiýanyň agyr şertlerde işleýän daýhanlaryň bähbitlerini goramaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy 2014-nji ýylyň sentýabrynda döredildi.