Türkmenistanda gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamak talaby ýurduň demirgazyk regiony Daşogza hem gelip ýetdi.
Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň hukuk goraýjy işgärleriniň iki aý çemesi ozal öz awtomobillerini ak reňkli maşynlara çalşyp başlandyklaryny, başga maşyn almaga gurby çatmadyklaryň bolsa, münüp ýören ulaglaryny ak reňke boýadandyklaryny habar berdi.
Soňky gelip gowşan habarlara görä, indi Daşoguzda magaryf, saglygy saklaýyş edaralarynyň, bazarlaryň, häkimlikleriň we beýleki edara-kärhanalaryň garamagyndaky awtomobilleriň hem ak reňkli bolmagy talap edilýär.
“8-nji ýanwarda welaýat merkezinde ýörite ýygnak geçirilip, edaralaryň ýolbaşçylaryna garamagyndaky işgärleriň awtoulaglarynyň fewral aýynyň ortalaryna çenli ak reňkli bolmalydygy aýdyldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.
Ýygnakda “Arkadag ak maşyn münýär, ak zat alnyňa ýagşy” diýen delilleri getirildi diýip, welaýat resmileriniň biri Azatlygyň çeşmesine aýtdy.
Häzir Daşoguzdaky ussahanalarda gara ýa goýy reňkli awtomobilini reňkletjek bolýanlaryň uzyn nobaty emele geldi, şu gün baryp nobata dursaň, azyndan 15 günden nobatyň ýetýär, hususan-da Aşgabada adam gatnadyp, gazanç edýän hususy taksiçiler maşynlaryny basymrak ak reňke boýatjak bolýarlar diýip, Azatlygyň ikinji bir çeşmesi habar berdi. “Maşyn reňkletmegiň bahalary hem birden gymmatlady, bir maşyny reňkletmek üçin 8 müň manatdan gowrak pul gerek” diýip, ol aýtdy.
Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi häzir Aşgabadyň 10-njy mikroraýonyndaky, Ostrowskiý köçesiniň ugrundaky, Köşüdäki we Milli diller institutynyň golaýyndaky awtoserwislerde ak reňke bolýaljak awtomobilleriň yzyn nobatynyň dörändigini habar berýär.
Ýöne maşyn reňkletmek meselesi diňe munuň üçin zerur bolan puly we ussahanany tapmak bilen hem çözülmeýär.
“Awtoulagyňy reňkletjek bolsaň, ilki döwlet awtoinspeksiýasyndan ýörite rugsat hatyny almaly, şondan soň döwlet tarapyndan hasaba alnan awtoserwise ýüz tutumaly, soňra bu ussahana öz eden işi boýunça döwlet awtoinspeksiýasy üçin resmi güwänama bermeli, şondan soň awtoulag täzeden tehniki gözegçilikden geçirilmeli we awtoulagyňa täze tehniki pasport almaly” diýip, aşgabatly sürüji Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.
Şeýle-de ol maşynlaryny ussahana dekabryň soňky günlerinde we ýanwaryň başynda eltenleriň maşyn reňkletmek üçin ortaça 7,5-8 müň manat çykdaja galandygyny aýtdy.
“Emma edil şu gün maşynyny ussahana eltip, nobata durýanlar eýýäm 9-10 müň aralygynda çykdajy etmäge mejbur bolýarlar, ýogsa olaryň maşynlarynyň ýene 15 günden reňklenmegi mümkin” diýip, aşgabatly sürüji aýtdy.
Başga bir çeşmäniň maglumatyna görä, maşynyny reňkletmäge nagt pul tapmaýan aşgabatlylaryň käbiri regionlardan gelip, könelen ak maşynlaryny gurat gary maşynlar bilen çalyşýan adamlar bilen deň bolmadyk söwda girmäge hem mejbur bolaýrlar.
Türkmenistanda gara reňkli maşynlary “garalamak” ýa gara sanawa salmak 2014-nji ýylyň aýagynda, 2015-nji ýylyň başynda başlandy we gümrük işgärleri bu çäräni “gara reňkiň Türkmenistanyň howa şertlerine gabat gelmeýändigi” bilen düşündirmäge çalyşdylar. Şondan öň türkmen häkimiýetleri awtoulaglaryň garaldylan aýnalaryna, gara disklere garşy hem gadaganlyk girizipdiler.
Türkmen hökümetindäki çeşmäniň tassyklamagyna görä, “gara maşynlaryň” gadagançylygy “Ak şäherim Aşgabat” syýasatyndan başlandy; ilki döwlet resmileriniň münýän gara reňkli gulluk “Mersedesleriniň” ak reňkli “Mersedeslere” çalşyrylmagy bilen, türkmenistanlylar häzirki ýagdaýa kem-kemden geldiler.