Amerikan mediasynyň bildirmegine görä, Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller Prezident Donald Trampyň kampaniýasy bilen Orsýetiň arasynda bolan mümkin koordinasiýa boýunça özüniň alyp barýan derňewiniň çäginde, Trampy soraga çekmeginiň ähtimaldygy hakda Ak Tamy habarly edipdir.
Medianyň “bu meselä ýetik” adamlara salgylanyp, 8-nji ýanwarda beren maglumatynda Muelleriň derňew toparynyň soňky gepleşiklerde, Trampyň adwokatlaryna interwiýunyň basym bolmagynyň ähtimaldygyny bildirendigi aýdylýar. Ýöne bu barada berlen takyk sene ýok.
Bu gürrüňlere Ak Tamyň resmileri Orsýet 2016-njy ýylda geçen prezident saýlawlaryna garyşdy diýilýän çaklamalar hakda Muelleriň geçirýän derňewiniň indi soňlanyp gelýändiginiň alamaty diýip garaýarlar.
Ýörite geňeşiň öňki prezident Bill Klinton bilen baglanyşykda geçiren derňewinde-de prezident soraga çekilen iň soňky adamlaryň biri bolupdy.
Tramp bilen onuň adwokatlary Orsýet bilen gizlin ylalaşygy, haýsy formada hem bolsa, yzygiderli ret edip gelýärler. Olar Muelleriň geçirýän derňewleri bilen doly hyzmatdaşlyk etmegi wada etdiler.
6-njy ýanwarda metbugat ýygnagynda bu barada sorag berlende Tramp özüniň Mueller tarapyndan soraga çekilmeginiň mümkindigini aýtdy.
Ol: “Dildüwşük ýok. Edilen jenaýat iş ýok. Ýöne biz açyk” diýdi.
“Bu barada bize edere iki ýol bar. Biz açyk bolman bilýäris, onsoň bu iş ençeme ýyla çeker. Ýöne, bilşiňiz ýaly, biziň edýänimiz, bir ýalňyş işi etmedik bolsaň, edilmeli zat. Goý, açyk bolup, muny arka atalyň” diýip, Tramp aýtdy.
Ak Tamyň adwokaty Ty Kobb tarapyndan 8-nji ýanwarda çykarylan beýannamada, Ak Tam Mueller bilen bolan gepleşikler hakda çekişmekçi däl, ýöne ol Orsýet derňewini “aňsatlaşdyrmak we ony irräk çözmek üçin” hyzmatdaşlygy dowam etdirýär diýilýär.
Tramp özüniň hiç bir jenaýat iş etmändigini aýtsa-da, resmiler Mueller bilen bolan islendik interwiýu prezident üçin töwekgelçilikli diýýärler.
Mueller Trampyň öňki geňeşçileriniň dördüsi babatynda eýýäm iş gozgady. Olaryň ählisi häkimiýetler tarapyndan soraga çekilenlerinde, ýalan sözlänlikde aýyplandylar.
Habar gulluklarynyň bildirmegine görä, Trampyň özüniň soraga çekilmeginiň howply bolmagyny nazarda tutup, onuň aklawçylary Trampyň soraglara ýazmaça jogap bermegine rugsat edilmegini isleýärler.
Maý aýynda bu wezipä bellenen Muelleriň esasy işi, aslynda, kampaniýa döwründe Trampyň kömekçileriniň Orsýet bilen arabaglanyşykda bolup-bolmandygynyň anygyna ýetmekdi. Ýöne medianyň habarlarynda bellenmegine görä, Mueller Trampyň derňewleriň öňüni almak üçin dürli ýollara ýüz urup-urmandygy barada hem barlag geçirýär. Bu barada Muellerden oň derňew geçiren FBI-yň öňki direktory James Komeýiň işden boşadylmagy bir mysal bolup durýar.
Birleşen Ştatlarda ýustisiýanyň işlerine böwet bolmak jenaýat hasaplanýar. Komeý özüniň alyp baran derňew işlerine Trampyň garyşmaga synanyşandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, Tramp oňa özüniň öňki milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkel Flinn hakdaky derňewiň tamamlanmagyny umyt edýändigini aýdypdyr.
Tramp Komeýden Flinn baradaky derňewiň ýatyrylmagyny sorandygyny ret edýär. Aýdylyşyna görä, Flinn indi geçirýän derňewlerinde Mueller bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Muelleriň işgärleri Ak Tamyň häzirki we öňki kömekçileri, şol sanda Reins Priebus we prezidentiň giýewi Ýared Kuşner bilen geçiren interwýularynyň ençemesini tamamladylar.