HORMATLY ARKADAG: Çykarýan we tassyklaýan kanunlaryñyz Konstitusiýa gabat gelmeli dälmi?

Aşgabat

Arkadaga!

Size gysgaça soragym bar rugsat berseñiz.

Siziñ çykarýan we tassyklaýan kanunlaryñyz Konstitusiya gabat gelmeli dâlmi?

Medelem adamlaryñ erkin ýagdayda Türkmenistanyñ islendik künjeginde gezmage, işlemage , ulagyny sürmage , dynç almaga Konstitusiyada hukugy barka welaýatlylary nâme üçin Asgabada salynanok?

Yada şu günlerde çykaran gara reñk kanunyñyz.

Eger Konstitusiya gabat gelmejek bolsa geliñ Konstitusiyany yatyralyñ.

Mejlisem ýapalyñ, aýlyk berip yörmâliñ. Şeylede mejlisiñ roly ýok. Biderek halkyñ pulyny zaýalamalyñ, budjeti tygşytlalyñ. Ya da adamlaryñ sabryny synaýañyzmy? olam bolar bir gün enşalla.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.