‘Iň ýaş sowet gaçgagynyň’ başdan geçirenleri

1980-nji ýylda 12 ýaşyndaky Wolodymyr ýa-da Walter Polowçak

Aýally, iki çagaly, Çikago şäheriniň eteginde jaý, ýigrimi ýyl bäri bir edaranyň müdiri. Wolodymyr ýa-da Walter Polowçagyň durmuşy bir orta-günbatar amerikalynyň durmuşyndan tapawutly däl.

40 ýyl çemesi mundan ozal Sowuk urşuň dowam edýän döwründe maşgalanyň Birleşen Ştatlara eden saparynda bu ýerdäki erkinlikler we mümkinçiliklere göz ýetiren 12 ýaşly Polowçak öz watany sowet Ukrainasyna dolanmagy ret edipdir.

Şol mahallar Waşington oňa “iň ýaş sowet gaçgagy” diýip garasa, Kreml ony we onuň ýaly Sowet Soýuzyna dolanmakdan boýun gaçyrýan uýasyny “zamun” diýip atlandyrypdyr. Şeýdip, Polowçak Waşington bilen Moskwanyň arasynda barýan media çekeleşigine düşüpdir.

“Hawa, ol mahallar Sowuk uruş gidýärdi, ýöne men oňa düşünmeýärdim we ähmiýet hem bermeýärdim. Şu ýerde galmak isleýärdim. Sowet Soýuzynda 12 ýyl ýaşapdym, ol ýerdäki ýaşaýşyň nämedigini we adama näme mümkinçilikleri berýändigini görüpdim” diýip, Polowçak Çikagoda öz öýünde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda aýdýar.

“Bu ýerde ybadathana gidip bolýanyny we Ukrainada bolşy ýaly, bu sebäpli seni hiç kimiň yzarlamaýandygyny, bir ýerden başga bir ýere gitjek bolsaň, döwletden rugsat gerek däldigini gördüm” diýip, ýaşy 50-ä golaýlan Polowçak Amerikanyň 1980-nji ýyllarda özünde galdyran täsirini düşündirýär.

Täsin mümkinçilikler

Demir tutynyň aňyrsyndan gaçyp çykan beýleki adamlar ýaly, sarp edilýän harytlaryň günbatar ýurtlarynda bollugy ony-da haýran galdyrypdyr.

“Dükanlara baranymyzda satyn alara ähli zat bardy. Men bular ýaly zatlary ömrümde görmändim. Ukrainada adamlaryň çörek almak üçin iki sagatlap nobata durýanyny görüpdim. Hiç bir zat ýokdy” diýip, Polowçak aýdýar.

Ol 1980-nji ýylda öz ene-atasy, özünden uly aýal dogany we özünden kiçi oglan jigisi bilen birlikde Birleşen Ştatlara gelipdir.

Ýöne Amerikada ýaşamak onuň kakasyna ýaramandyr. Ol az wagt soňra ýene öz Sowet Soýuzyna dolanmak isläpdir.

Kreml muny ýeterlik görmändir.

“Olar ‘sen öz maşgala agzalaryň bilen gitdiň, maşgala agzalaryňy hem getirersiň’ diýdiler” diýip, Polowçak aýdýar.

Polowçak we onuň eje-kakasy hem-de aýal dogany

Wolodymyryň ejesi bu pikir bilen ylalaşsa-da, onuň özi we şol wagtlar 17 ýaşyndaky aýal dogany Natalia razy bolmandyr.

“Men kakam bilen gürleşmäge synanyşdym. ‘Ýurda bir mümkinçilik ber. Munuň nähilidigini göreli’ diýdim. Sebäbi Ukrainada, Sowet Soýuzynda bize näme zadyň garaşýandygyny bilýärdik” diýip, Polowçak aýtdy.

Ýöne bu peýda bermändir. Polowçak kakasyny yryp bilmändir.

“Biz onuň näme üçin yzyna dolanmak isleýänine asla düşünip bilmedik. Ol bu ýeri halamady. Ol bir sada adamdy, awtobusda sürüji bolup işleýärdi. Bu ýere öwrenişip bilmedi. Ýene bir kynçylyk bardy, ol iňlis dilini bilmeýärdi. Ähli zada täzeden başlamalydy” diýip, Polowçak aýdýar.

Şeýlelikde, Polowçak bir gije aýal dogany Natalia bilen birlikde assyrynlyk bilen öýden çykyp, ýakyn garyndaşlarynyňkyda galypdyrlar.

Media sirki

Polisiýa yzarlap, olary tapypdyr. Polisiýa edarasynyň işgärleri kommunikasiýa päsgelçiligini aradan aýyrmak üçin terjimeçi gözläpdirler. Ahyrsoňy polýak dilini bilýän bir adamy tapypdyrlar.

“Men oňa eger ene-atamyň ýanyna barsam, olar meni ýurtdan çykararlar diýip düşündirmäge synanyşdym” diýip, Polowçak aýdýar.

Alty-ýedi sagatlap polisiýa edarasynda galansoň, polisiýa işglärleri oňa bir dokumente gol çekdirjek bolupdyrlar. Emma ol bu özüniň deportasiýa edilmegi üçindir öýdüp, dokumente gol çekmändir.

Bir gaçgagyň saklanýandygyndan habarly bolan ýerli telewideniýe ol ýere işgärlerini iberipdir. Şondan soňra bu mesele Birleşen Ştatlar bilen Sowet Soýuzynyň arasynda media sirkine öwrülipdir.

“Sowet Soýuzynda meniň ogurlanandygymy, bir tigir we ‘Jell-O’ bilen aldalandygymy aýdýardylar” diýip, Polowçak amerikan želatinine salgylanýar.

Aradan salym geçmän iş kazyýetlere çekilýär. Wolodymyr öz eje-kakasyndan şikaýat edip suda ýüz tutýar.

Wolodymyryň aklawçysy Sowet Soýuzyna dolanan halatynda onuň janynyň howp astynda düşjekdigini aýdyp delil getirýär. Ejesi bilen kakasy onuň we aýal doganynyň ogurlanandygyny aýdyp, sowetler, şol sanda “TASS” habar gullugynyň ýalan geplerini gaýtalaýarlar.

Iň soňunda Birleşen Ştatlaryň bir kazyýeti Wolodymyra wagtlaýyn baş pena berýär. 1985-nji ýylda 18 ýaşyna ýeten Wolodymyr Natalianyň göreldesine eýerip, Amerikanyň raýatlygyna geçýär.

Azatlygyň çagasy

1988-nji ýylda ol öz başyndan geçenleri terjimehal şeklinde “Azatlygyň Çagasy” diýen at bilen bir kitap edip çykarýar. Bu kitabyň ýazylmagyna hem “Waşington Post” gazetiniň Moskwadaky edarasynyň öňki başlygy hem-de Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki prezidenti Kewin Klose gatnaşýar.

Ençeme ýyllap ene-atasyndan, öz watanyndan jyda düşen Wolodymyr Sowet Soýuzy dargap, Ukraina garaşsyz bolanyndan soňra ýurda barmagy başarýar.

“Men [Ukraina] ilkinji gezek 1993-nji ýylda bardym. Ejem-kakam bilen şonda gürleşdim. Şondan bäri Ukraina iki ýylda bir gezek baryp gaýdýaryn” diýip, Wolodymyr gürrüň berýär.

“Ejemiň yzyna dolananyna ökünýändigini ozaldan bilýärdim. Kakam-da ýalňyş iş edendigini ölmezden öň boýun aldy” diýip, Polowçak aýtdy.

Polowçak Ukrainada bolup geçýän zatlary şindi-de ýakyndan yzarlaýar. Gazetlerde ýa telewideniýede berilýän maglumatlary sypdyrmaýar.

“Adamlaryň Amerikada meniňki ýaly erkinlik we mümkinçiliklerden peýdalanmagy üçin men Ukrainanyň garaşsyz bolmagyny isleýärin” diýip, Polowçak belleýär.

Ukrainada işleriň haýal gidýäninden nägile adamlara Polowçak şu umydy berýär: “1993-nji ýylda Ukraina gitmäge başlalym bäri uly özgerişleriň bolýanyny görýärin. Ol ýerde adamlaryň durmuş ýagdaýy gowulanypdyr. Ukrainada ýaşaýan adamlaryň munuň bilen ylalaşmazlygy mümkin. Hemmeler, elbetde, köpräk zady isleýär. Ýöne gowy durmuş üçin köp wagt gerek. Ukrainanyň indi dogry ugra barýanyna ynanýaryn”.