Ahalda "Altyn asyr" ýatyryldy, Bäherden, Büzmeýin we Babadaýhan dikeldildi

Bäherdenli balçy

Türkmenistanyň parlamenti “Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” we “Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” mejlisiň kararlaryny kabul etdi diýip, TDH döwlet habar agentligi habar berýär.

Kabul edilen kararlara laýyklykda, şäherleriň we etraplaryň birnäçesiniň prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe üýtgedilen taryhy atlary dikeldildi.

Ahal welaýatynda Babadaýhan etraby döredildi, “Altyn asyr” etraby bolsa ýatyryldy; Baharly etrabynyň we Baharly şäheriniň ady üýtgedilip, olara ozalky Bäherden ady dakyldy; Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplary ýatyryldy, Arçabil etrabynyň ady üýtgedilip, oňa Büzmeýin ady dakyldy.

TDH bu kararlaryň ilatyň isleglerini nazara almak netijesinde kabul edilendigini habar berýär. Mundan öň, häzir atlary dikeldilen ýerleriň atlary toslama atlar bilen çalşyrylanda hem ilatyň isleglerinden ugur alynýandygy habar berlipdi.

Biraz öň Türkmenistanda ozalky prezident S.Nyýazowyň adyny göterýän ilatly nokatlaryň hem birnäçesiniň atlary üýtgedildi.