Türkiýede gülençidigi güman edilýän türkmen studentleri bilen ýaranlary tutuldy

Fethullah Gülen

Türkiýäniň Gara deňiz sebitindäki Samsun şäherinde gülençilere garşy gurnalan operasiýada 12 adam saklanandy we olaryň arasynda türkmenistanly studentleriň bardygy habar berilýär.

Türkiýäniň "Milliýet" gazeti Samsun polisiniň garakçylyk we guramaçylykly jenaýata garşy göreş bölüminiň işgärleriniň "döwletleşen fethullahçy terror guramasy" baradaky derňew işinde türkmenistanly we gazagstanly studentler bilen işinden kowlan mugallymlar, gülençileriň guramalarynda we hususy firmalarda işlänlerden ybarat bolan jemi 12 adamy saklandygyny ýazýar.

Gazet ol saklananlaryň sorag üçin Samsun polis müdürligine iberilendigini, güman edilýänleriň käbirinde gülençileriň gizlin aragatnaşyk üçin ulanan "ByLock" atly programmasynyň tapylandygyny habar berýär.

Türkiýäniň "haberler.com" atly internet neşiri bolsa, polis çeşmelerine salgylanyp, gülençilikde güman edilip saklanan adamlaryň sanynyň köpelmegine garaşylýandygyny we waka bilen baglanyşykly derňewiň dowam edýändigini bildirýär. Saklanan türkmenistanly studentleriň sany we kimdigi barasynda jikme-jik maglumat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde polis çeşmeleri hem derňew işiniň dowam edýändigi üçin, bu ugurda hiç hili kommentariýa berilmejegini ýaňzydýarlar.

Ýatlatsak, bu türk mediasynda gülençilikde güman edilip saklanan türkmenistanly studentler barasynda ýaýran ilkinji habar däl. Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mundan owal hem gülençilikde güman edilip sud edilen we hatda tussaglyga höküm edilen türkmenistanly studentler barasynda yzygiderli ýagdaýda maglumatlar berlipdi.

Olaryň käbirini mysal getirsek, 2016-njy ýylyň dekabr aýynda, Türkiýäniň Sakarýa uniwersitetinde gülençilere garşy geçirilen operasiýada, studentlere agitasiýa işlerini alyp barýan "tagallaçy" bir türkmenistanly "gülençi" studentiň hem tussag edilendigi ýazylypdy. Şu ýylyň 10-njy aprelinde Kütahýa şäherinde gurnalan bir operasiýada bolsa, Türkiýede gülençileriň özara aragatnaşyk üçin ulanýan "ByLock" atly gizlin habar alyş ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen, Dumlupynar uniwersitetinde okaýan Türkmenistanyň raýaty bolan bir türkmen studenti hem saklanypdy.

"Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň Kyrklareliniň 2-nji agyr jeza kazyýetinde 15-nji noýabrda gülençileriň adalat edaralaryndaky guramaçylygyny ýola goýmakda aýyplanýan 10 tussagyň üçünji sud oturylşygy boldy we şonda sülçi gülençidigi güman edilýän türkmenistanly raýat Ygtyýar Annaýewiň tussaglyk ýagdaýynyň dowam etmegine karar beripdi.

Belläp geçsek, Fethullah Gülen topary 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplanýar. Güleniň ýolbaşçylygyndaky "Hyzmat" hereketiniň Türkiýeden daşaryn dürli ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem dürli okuw jaýlarynyň bolandygy aýdylýar. Olardan Aşgabatda ýerleşýän Türkmen-Türk uniwersiteti hem ýapylyp, soň Türkmenistanda Gülen bilen ilteşiklidir öýdülýän telekeçiler tussag edilipdi.

Sözi jemläp aýtsak, "gülençidigi" güman edilip tutulan türkmen studentiniň ykbaly barasynda degişli türkmen we türk resmilerden jekme-jik maglumat ýa-da haýsam bolsa bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.