Orsýetiň Içeri işler ministrligi öz işgärlerine Türkmenistanda dynç almagy rugsat berdi

Orsýetiň Içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew

Orsýetiň Içeri işler ministrligi öz işgärlerine dynç alyşy Türkmenistanda geçirmäge rugsat berdi.

Orsýet mediasynyň içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsewiň kararyna salgylanyp, habar bermegine görä, 2018-nji ýylda Türkmenistan Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine dynç almaga rugsat berilen ýurtlaryň resmi sanawyna girizilipdir. Şeýle-de bu sanawda Azerbaýjan, Ermenistan, Abhaziýa, Belorus, Wýetnam, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Kuba, Täjigistan, Özbegistan we Günorta Koreýa görkezilýär.

Orsýet güýç edaralarynyň işgärlerine daşary ýurtlaryň aglabasynda dynç almagyna gadagançylygy 2015-nji ýylda girizipdi. Resmiler bu kararyny “döwlet we edara syrlaryny saklamak” maksady bilen düşündiripdi.

Şol bir wagtda-da, Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda wiza düzgüni saklanýar. Üstesine Türkmenistan dünýä ýüzünde syýahat etmek we wiza almak meselesinde iň çylşyrymly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.