Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'

Hazaryň Dagystan kenary

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky konwensiýa gol çekilmezinden öň ýene käbir ylalaşylmaly meseleleriň ýüze çykmagynyň mümkindigini aýtdy.

Bu pikiri azeri eksperti Ylham Şaban hem tassyklaýar we onuň ynanjyna görä, Gazagystanda geçiriljek Kaspi sammitinde Hazaryň hukuk durumy baradaky konwensiýa gol çekiljegine ynanmak kyn.

Mundan öň, dekabryň başynda Moskwada hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyndan soň, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow žurnalistlere Kaspi konwensiýasynyň tekstiniň gol çekmek üçin tasdan taýyn bolandygyny aýdypdy.

Bu konwensiýa geljek ýyl Astanada, hazarýaka ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň 5-nji sammitinde gol çekilmegine garaşylýar. Ýöne muňa garamazdan, konwensiýanyň proýektiniň detallary aýdylmaýar we Hazaryň diňe sektorlaýyn prinsipde bölünjekdigi, şol bir wagtda konwensiýa 100 prosent gol çekiler diýip bolmajakdygy aýdylýar.

Konwensiýanyň taslamasynda territorial suwlaryň 15 millik akwatoriýasy we 10 millik balyk tutulýan zonasy kesgitlendi, deňziň ýokarysynyň galan bölegi umumy peýdalanmaga degişli edildi diýip, rus metbugatynda bellenýär.

Emma Orsýetiň döwlet sekretary, daşary işler ministriniň orunbasary G.Karasin bu konwensiýanyň kabul edilmeginiň daşary işler ministrleri ýa işçi toparlar derejesinde käbir meseleleri goşmaça ylalaşmaly bolmaklarynyň ähtimaldygyny öňe sürýär. Mundanam başga, ol“Kommersant” gazetibilen söhbetdeşlikde “konwensiýanyň ýüze çykýan ähli meseläni çözmejekdigini, ýöne degişli hazarýaka döwletleriniň arasynda ylalaşyk üçin zerur bolan çäkleri döretjekdigini” nygtady.

Rus metbugaty bu konwensiýa gol çekilmegini Türkmenistan bilen Eýranyň bökdäp gelendigini ýatladýar.

Azeri eksperti Ylham Şaban hem konwensiýa proýektine gol çekilmek kynçlygyny Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar üstünde barýan çekişmelerde görýär. Şu sebäpden ol Gazagystanda geçiriljek sammitde konwensiýa taslamasyna gol çekiljegine özüniň ynamýandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat Hazar arkaly gaz geçiriji gurmak isleýär.Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň hazarýaka ‘bäşliginiň” Moskwadakyy duşuşygyndan soň Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine görä, konwensiýa ylalaşygy Hazaryň üstünden geçiriji gurmagyň diňe turbanyň geçjek ýerine eýelik edýän ýurtlara dahylly bolmagyny hem nazarda tutýar.

Rus metbugaty indi, ozal Aşgabat we Baku tarapyndan aýdylyp gelnişi ýaly, deňziň düýbünden geçiriji gurmak meselesiniň turbanyň geçjek ýerine eýelik edýän ýurtlaryň arasynda maslahatlaşyljakdygyny tassyklaýar. Deňziň düýbi garşysynda ýerleşýän ýurtlar tarapyndan sektorlaýyn paýlaşylýar.

Şeýle-de, deňizde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dawaly ýerler, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky deňiz serhetleriniň kesgitlenmegi meseleleriniň açyk galýandygy wehalkara kanunçylygy esasynda çözüljekdigi bellenilýär.

Mundan öň Eýran we Orsýet, deňziň ekologiýa howpsuzlygy nukdaý nazaryndan, serhedaşyr infrastruktura proýeketleriniň hemmesiniň ähli tarap bilen ylalaşylmagyny talap edýärdi. Şeýle-de Tähran deňziň deňizýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan bilelikde ulanylmagyny, ýa-da bäş döwletiň arasynda deň bölünmegini talap edýärdi.

Şu aralykda eýran metbugatynda çykan habarlara görä, Tähran entek beýleki dört hazarýaka döwleti, hususan-da Türkmenistan we Azerbaýjan bilen deňzi bölüşmek meselesinde doly ylalaşyga gelmändir.

Eýranyň daşary işler ministriniň Aziýa we Ýuwaş okean meseleleri boýunça orunbasary Ebrahim Rahympur özleriniň entek ylalaşmaýan zatlarynyň bardygyny aýtdy, emma internetde Eýrana Kaspiden 20 prosent paý ýetýändigi barada ýaýran habary ret etdi.