Abdyrahmanow: Türkmenistanda häzir 20 müň etnik gazak ýaşaýar, 1990-de olaryň sany 120 müň adamdy

Gazgystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdyrahmanow

Türkmenistanyň territoriýasynda 20 müň çemesi etnik gazak ýaşaýar, 1990-njy ýylda olaryň sany 120 müň adamdy diýip Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdyrahmanow aýtdy.

Gazagystanyň media serişdelerine görä, Abdyrahmanow “Gazagystan respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşygyň ratifikasiýasy barada” kanunyň taslamasyny hödürläp, parlamentde eden çykyşynda etnik gazaklaryň Türkmenistandaky sanynyň tebigy ýagdaýda azalandygyny aýdypdyr.

“Bu etnik gazaklaryň öz taryhy ýurduna göçmegidir. Bizde bar bolan maglumatlara görä, şu günki gün Türkmenistanyň territoriýasynda 20 müň çemesi etnik gazak ýaşaýar. Deňeşdirme üçin 1990-njy ýylda, şol döwrüň statistikasyna görä, olary sany 120 müň bolupdyr. Etnik gazaklaryň köpüsi Türkmenistanyň raýatlary. Öz nobatynda Gazagystanda üç müň etnik türkmen ýaşaýar, esasan Mangystau regionynda” diýip, media maglumatlarynda Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdyrahmanow sitirlenýär.

Abdyrahmanowyň sözlerine görä, ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk ylalaşygy Türkmenistanda gazak diasporasynyň “abraýly wekilçilik edilmegine” oňyn täsir ýetirer.

Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň, şol sanda etnik gazaklaryň sany, şeýle-de daşary ýurtlarda ýaşaýan etnik türkmenleriň sany barada türkmen tarapynyň resmi sanlary köpçülige mälim edilmeýär. Türkmenistan 2012-nji ýylda BMG bilen bilelikde geçiren ilat ýazuwynyň netijelerini hem şu çaka çenli yglan etmän gelýär.