Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen Daşoguzda şäherara awtobuslarynyň gatnawy ýatyryldy.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, etrap merkezleriniň we obalaryň arasyndaky jemgyýetçilik transportyndaky bökdençlikler pagta ýygym kampaniýasy döwri başlanan bolsa-da, indi olaryň gatnawy düýbünden togtadylypdyr.
“Sentýabr aýlary awtobuslaryň aglabasy gatnawdan aýrylyp, ýygymçylary daşamaga gönükdirildi. Ýerli ilatyň taksileri ulanmakdan başga çykalgasy galmady. Bu-da adamlar üçin goşmaça çykdajydy. Taksilerde Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezinden Daşoguza aşmak üçin, adam başyna 25 manat tölemeli. Awtobuslar gatnaýan döwri bu dokuz manatdy” diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Şamahy daýhan birleşigindäki kärendeçi daýhanlaryň biri Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdi.
Ilat şäherara awtobuslaryň gatnawyndaky bökdençlikler bilen degişli häkimliklere ýüz tutanlarynda, ýerli resmileriň olara haýbat atandyklaryny hem aýdýarlar.
“Resmiler ‘ýagdaýyňyza düşünýäris. Ýöne başga ýerde bu barada dil ýaraýmaň, sesiňiz çykmasyn. Bolmasa-da, başyňyza geljekleri özüňizden görüň’ diýip, ýüzümizi alyp goýberdiler” diýip, Şamahy daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Bibi daýza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy ýokarky beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda, Daşogzuň degişli transport resmileri bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary hiç hili netije bermedi.
Bu aralykda, Daşogzuň ýaşaýjylary-da welaýatyň merkezi şäherindäki jemgyýetçilik transportynyň gatnawyna nägileligini bildirýärler. Olaryň sözüne görä, şäheriň içindäki awtobuslaryň gelmegine sagatlap garaşmaly bolýarlar.
“Daşoguz şäheriniň özünde-de awtobuslar her iki sagatdan gelýär. Adamlar sowuk howada, ýarym gününi duralgada geçirmeli bolýarlar. Bu bize diýseň amatsyz. Ýerli resmiler şu meselelere üns berseler gowy bolardy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly aýdýar.
Ýeri gelende bellesek, jemgyýetçilik transportyndaky bökdençlikler baradaky maglumatlar ýurduň beýleki künjeklerinden hem dowamly gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly, ilaty 150 müň diýlip çaklanylýan, Balkanyň merkezi Balkanabat şäherinde awtobuslaryň bary ýogy 6-sy hereket edýär. Bu-da ilatyň talabyny ödärden pesdigine üns çekilýär.
Galyberse-de, 1-nji noýabrdan başlap, ýurtda jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň tölegleri 30 teňňeden, 50 teňňä ýokarlandyryldy.
Bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri ýurtdaky bu gymmatlamalaryň, türkmen häkimiýetleriniň döwlet býujetine gelýän girdejini artdyrmak tagallalarynyň bir bölegidigini aýdýarlar.