Daşoguzda kepek söwdasynyň "gara bazary" we uruş-dawalar artýar

Daşoguz

"Türkmenistanyň garaşsyz bolandan bäri başdan geçirýän iň agyr ykdysady krizisiniň" fonunda, ýurtda soňky bir aýdan bäri unuň we arpa-bugdaýdan öndürilýän önümleriň gytlygynyň halkyň durmuşyna agyr täsir ýetirýändigine üns çekilýär.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň maglumatyna görä, welaýatyň ähli bazarlarynda döwlet bahasy 30 teňňe bolan 1 kilogram kepegiň bahasy 1 manada ýetipdir. Soňky bir aýdan bäri Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplarynyň merkezlerindäki galla dükanlarynyň öňünde döwlet bahasyndan, her maşgala 20 kilogram kepek satylýar. Şu günlerde galla dükanlarynyň öňünde azyndan 300 adamdan ybarat nobatyň emele gelýändigini görse bolýar. Olar nobata durup, döwlet bahasyndan alýan kepegini soňra "gara bazar nyrhyndan" satyp, çörek puly edinýärler.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň bellemegine görä, işsizlik we gymmatçylyk döwründe bu kepek söwdasy welaýatyň ýaşaýjylarynyň çörek puly gazanmak üçin, esasy serişdesi bolup durýar. Mal üçin iýmlik kepek söwdasy şeýle möhüm bolany sebäpli kämahal nobata duran adamlaryň arasynda uruş-dawa turýar. Şol sebäpden kepek nobatlary organ işgärleri tarapyndan gözegçilige alynýar.

Geçen hepdäniň anna güni, ýagny 22-nji dekabrda kepek nobatynda turan dawada 10 adam 2 sany raýaty erbet urup-ýenjipdir. Netijede, ýenjilen iki raýatyň biriniň gapyrgasy bilen bir eli döwlüpdir, beýlekisiniň bolsa kellesi ýarylypdyr we olar şol ýerden keselhana äkidilipdir. Ol uruş-dawany duruzmak üçin, etrabyň tas ähli polisiýa işgäri kepek nobatynyň bolan ýerine iberilipdir.

"Yetmezçiligiň ýiti duýulýan häzirki döwründe halkyň esasy eklenç çeşmesine öwrülen kepek söwdasy bilen meşgullanýan adamlar ýekeje gün kepek satylmasa, köçäni ýapyp, uly dawa turuzýarlar. Şol sebäpli indi kepegi ýekşenbe günleri hem satmaga başladylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan kepek söwdasy bilen meşgullanýan Daşoguz welaýatynyň bir ýaşaýjysy diňe bir kepegiň däl, eýsem tutuş galla önümleriniň bahasynyň juda gymmatlandygyny we munyň hem gytçylygy döredendigini öňe sürýär. Ol şol bir wagtyň özünde, döwlete bugdaý tabşyrýan daýhanlara berilmeli kepek paýynyň hem şertnamada bolmalysy ýaly berilmeýändigini aýdýar.

Bu maglumaty Daşoguzdan we Lebapdan Stambulda gelen zähmet migrantlary hem tassyklaýarlar.

Stambulda Azatlyk Radiosyna bu temada maglumat beren, Lebap welaýatynda galla önümleri boýunça işleýän bir resminiň aýtmagyna görä, doly bişmedik bugdaýlar Daşoguzda "bugdaý iými", ýagny ýarma görnüşinde satylany sebäpli, häzir ol ýerde galla önümleriniň gytçylygy döräpdir we bu hem bahalaryň aşa ýokarlanmagyna sebäp bolupdyr. Onuň aýtmagyna görä, "bugdaý iýminiň" hem bahasy gytçylyk sebäpli häzirki döwürde 1 manada baryp ýetipdir.

"Ondan soň resmiler Daşoguzdaky bugdaý gytçylygynyň öwezini dolmak üçin, goňşy Lebap welaýatyndan bugdaý aldylar. Indi Lebap welaýatynda-da galla gytçylygy döredi. Edil häzir Daşoguzda bolşy ýaly, Lebapda hem bugdaý we un gytçylygynyň halky horlaýar" diýip, lebaply resmi aýdýar.

Ýatlap geçsek, mundan owal Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri galla gytçylygynyň Maryda has ýiti duýulýandygy, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda unuň gytalýandygyny aýdypdy.

Ýaşaýjylar un hem-de iým gytçylygnyň sebäplerini resmilerden soranlarynda: “Barlag bar, şol sebäpli un hem-de iým wagtlaýyn satuwa çykarylmaýar” diýip, jogap berýändiklerini aýdýarlar.

Emma un bilen iýmiň gytalmagyny 2017-nji ýylda daýhanlaryň gereginçe galla hasylyny alyp bilmändikleri bilen baglanyşdyryp, bu gytçylygyň has çökderleşmeginden howatyr edýändiklerini aýdýan ýaşaýjylar hem bar.