Türkmenistanyň Orsýeti TOPH proýektine gatnaşmaga çagyrandygy habar berildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç), Aşgabat, 2-nji oktýabr, 2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýeti Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana çekiljek gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşamaga çagyrdy diýip, Orsýetiň prezidenti Wlaidmir Putiniň aýdandygyny Interfaks agentligi 26-njy dekabrda habar berýär.

“Men şu gün türkmen prezidenti bilen gepleşdim we ol Owganystanyň territoriýasynyň üstünden goňşulara, Pakistana we Hindistana gazgeçirijisini çekmek baradaky planalaryny ýatlatdy we bizi muňa gatnaşmaga çagyrdy” diýip, Putin Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistan beýlekileriň hatarynda Owganystanda käbir proýektleri umuman üstünlikli amala aşyrýar diýip Putiniň belländigini Interfaks habar berýär.

“Elbetde biz şeýle proýektleri durmuşa geçirmegiň näderejede mümkin boljagyna seretmeli” diýip, Orsýetiň prezidentiniň aýdandygyny Interfaks belleýär.

25-nji dekabrda Orýetiň habar agentlikleri Wladimir Putiniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşendigini habar beripdi.

Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gaz geçirijisi arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar. Umumy bahasy 10 milliard dollar çemesi bolan TOPH esasan Aşgabadyň hasabyna (85%) gurulýar.