Eýranyň Baş sudy eýranly-şwesiýaly akademigiň ölüm jezasyna höküm edilendigini tassyklady

Ahmadreza Djalali we onuň aýaly Wida Mehrannia

Eýranyň Baş sudy içalyçylykda aýyplanan eýranly-şwesiýaly akademigiň ölüm jezasyna höküm edilendigini tassyklady.

Stokgolmyň Karolinska institutynyň alymy Ahmadreza Djalali 2016-njy ýylyň aprel aýynda Tähranda geçirilen konferensiýa gatnaşan wagtynda tussag edilipdi we içalyçylykda hem “Hudaýa garşy duşmançylykda” aýyplanypdy. Eýranda bu aýyplamalar boýunça ölüm jezasy göz öňünde tutulýar. Häkimiýetler soňra alymy günäli diýip yglan etdiler.

“Amnesty International” guramasynyň we Djalaliniň aýalynyň alymyň aklawçysyna salgylanyp, aýtmagyna görä, Eýranyň baş sudy işe gaýtadan seredipdir we ölüm jezasyny güýjünde galdyrypdyr.

25-nji dekabrda Tähranyň prokurory Abbas Jafari Dolatabadi Baş suduň ýakynda Djalali babatyndaky ölüm jezasyny tassyklady diýip, Eýranyň “Mizan” täzelik neşri hem habar berdi.