Ýylyň jemleri: 2017-nji ýylda ruslary özüne çeken ýalan habarlar

Russiýaly aýal çagasy bilen prezident Wladimir Putiniň çykyşyna tomaşa edýär.

Ýalan habarlar ýa-da olar barada global gürrüňler 2017-nji ýylda pajarlamagy dowam etdi. Hut şol sebäpden “Collins” sözlügi bu sözi Ýylyň sözi diýip yglan etdi.

Bu sözlük ýalan habary “köplenç sensasiýa döretmäge niýetlenilen ýalan maglumaty çyn habar ýaly ýaýratmak” diýip düşündirýär. Ýalan habarlar 2017-nji ýylda rus mediasynda we syýasy giňişliginde beýikden ýaňlandyryldy. “Günbatar Orsýeti ýykjak bolýar”, “Nýu-Ýorkda bir restoran prezident Wladimir Putini hormatlamak kampaniýasynyň çäginde, äpet gamburger taýýarlady” diýen ýaly habarlara Orsýetiň meşhur media kompaniýalary, tanymal şahsyýetler we tomaşaçydyr okyjylar çyn ýaly çemeleşdi. Bu habarlaryň käbirleri Orsýetden ýaýradyldy. Günbatar döwletleri Orsýeti ýurduň ýöredýän daşary syýasatynyň çäginde toslama habarlary ýaýmakda we ýalan täzelikleri oýlap tapmakda aýyplaýar. Moskwa şeýle tankydy bellikleri, şol sanda özüne 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna täsir ediş kampaniýalarynyň çäginde toslama habarlary çap edendigi barada ýöňkelýän günäleri we aýyplamalary gaýta-gaýta ret edip gelýär. Toslama habarlaryň käbirleri öz gözbaşyny başga ýerlerden alyp gaýdyp, soňlugy bilen Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarda we hususy media kompaniýalarynda tekrarlandy, hatda kähalatlarda ýokary wezipeli resmiler toslama habarlary alyp göterdi.

2017-nji ýylda Orsýetde giň gyzyklanma döreden toslama habarlardan we beýleki ýalan täzeliklerden ýygyndy döretdik.

“Orsýeti ýykmak”

Awgust aýynda daşky görnüşinden Britaniýanyň “The Guradian” neşirine çalym edýän bir websaýtda, hamana, ozalky britan ýörite gullugynyň işgäriniň sözlerine salgylanylyp, Günbatar Orsýeti ýykmagyň ugruna çykdy diýen mazmunda toslama habar çap edildi.

Toslama interwýuda, hamana, “MI6-nyň” ozalky başlygy Jon Skarlete salgylanylýar we ol hem –gowşak iňlis dilinde gürlemek ukyby bilen – Britaniýa bilen Birleşen Ştatlar Gruziýanyň ozalky günbatarçy prezidenti Mihail Saakaşwilini we “Ukraina bilen Orsýetiň arasynda bar diýilýän urşy” ulanyp, Orsýeti ýola saljak bolýarlar diýýär.

Şeýle-de, bu toslama maglumatda Skarlete “Men bir zady boýun almaly, ýagny Gruziýadaky we Krymdaky uruşlar Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň Orsýeti ýykmak üçin soňky birnäçe ýylyň dowamynda işläp düzen iň strategiki planlarydy, ýöne ýeňliş bilen tamamlandy” diýdirilýär.

Ýöne mekirligiň uzaga gitmän üsti açyldy. BuzzFeed hem bu toslama habar dogrusynda öz derňew maglumatlaryny okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi. Hakyky “The Guardianyň” özi-de toslama “The Guardianda” çykan habar barada “...özüne ‘The Guardian’ diýýän ýasama saýtda ýaýradylan toslama habar” diýip bellik galdyrdy.

Ýöne muňa garamazdan, köpsanly rus media serişdeleri, şol sanda ýurduň milli telekanallaryndan “Ren-TW” şeýle habarlara salgylanmaklaryny dowam etdirdiler. Toslama habaryň üsti açylandan birnäçe gün soň meşhur rus telewizion şahsyýeti Wladimir Solowýow özüniň alyp barýan we döwlet telewideniýesinde efire berilýän belli-meşhur “talk show-da” bu ýalan maglumata salgylanyp, adamlarda oňa bolan ynamy döretjek boldy, ýöne ol sözüniň üstüni ýetirmegi ýatdan çykarmady: “Käbirleri bu habara dogry diýýär, käbir adamlar ýalan diýýär”

“Putin Burger”

Orsýetiň döwlet telewideniýesi we habar agentlikleri 7-nji oktýabrda, ýagny Putiniň doglan gününde, Nýu-Ýorkda bir restoran Kremldäki adamyň hormat-şanyna ýörite burger hödürleýär diýip habar berdi. Habarlar rus hökümetiniň penasyndaky “Russia Today” kanalynyň eýeçiligindäki “RUPTLY” habar agentliginiň wideolarynyň esasynda taýýarlanypdyr. “RUPTLY” Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Cantina Royale” atly restoranyň bir işgärinden interwýu alýar. Interwýuda işgär restoranyň Putiniň doglan ýylynyň hormatyna 1952 gramlyk burger bişirendigini aýdýar. Şeýle-de, wideoda öňe sürülýän aýratyn menýunyň subutnamasy hökmünde, Putiniň suraty goýlan broşýura görkezilýär.

“Diňe bir daşary ýurtly liderleri däl, eýsem adaty raýatlar hem Orsýetiň prezidentiniň doglan gününi gutlaýarlar. Üstesine olar muny örän özboluşly ýerine ýetirýärler” diýip Rossiýa-24 kanalynyň alyp baryjysy RUPTLY-nyň raportyna esaslanyp taýýarlanan habarda aýdýar.

Ýöne rus mediasynda peýda bolýan toslama habarlary yzygiderli puja çykarýan orsýetli žurnalist Alekseý Kowalýow dessine bu aýratyn burger baradaky täzeligiň ugruna çykdy we gysga wagtyň içinde ýagdaýyň anygyna ýetdi. Agzalýan restoran Putiniň şanyna taýýarlanyldy diýilýän burger baradaky habary ret etdi we bu ýalan habary çykaran işgäriň işden çykarylandygyny we onuň derňew ediljekdigini aýtdy. Bu restoranda barmen bolup işlän aýal Putin Burgeri baradaky pikiri özüniň oýlap tapandygyny we şol sebäpden işden kowlandygyny aýtdy. RUPTLY-nyň wideosynda çykyş edýän işgär hem soň işden kowlupdyr.

Şondan soň RUPTLY “redaksiýamyzyň hil ölçeglerine gabat gelmeýär” diýip, agzalýan wideony pozdy.

Kowalýow uzak wagtlap rus mediasyny içerde halka hödürlemek üçin daşary ýurtlardan habar otarmakda ýa-da täzelik toslamakda aýyplap gezdi.

“Putinburger baradaky habar bilen olar wirtual hakykatyň gözüni çykardylar” diýip, AÝ/AR-a gürrüň berdi.

Nobel baýragynyň laureaty Aleksiýewiç ‘öldi’

Maý aýynda Fransiýanyň medeniýet ministri Fransua Nyssene degişli diýlen Twitter hasapdan Nobel baýragynyň laureaty Swetlana Aleksiýewiç aradan çykdy diýip habar ýaýradyldy. Nyssen ozal “Aktes Sud” atly neşirýatyň ýolbaşçysy bolup işläpdi. Bu neşirýaty Nysseniň kakasy esaslandyryp, onda Aleksiýewiçiň fransuz dilindäki eseri çap edilipdi. Munuň şeýledigi ölüm habarynyň dogry bolmagy ahmal diýen ynamy döretdi.

Birnäçe rus media serişdeleri, şol sanda rus hökümetiniň hemaýat etmeginde çap edilýän “Rossiýskaýa Gazeta” gündelik neşiri we döwlet eýeçiligindäki RIA Novosti habar agentligi agzalýan habary çap etdi. Şeýle-de, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” kanaly bilen bilelikdäki proýekti bolan “Current Time TV” hem bu habary efire berdi. Ýewropaly habar serişdeleri, şol sanda fransuz gazeti Le Figaro we Portugaliýanyň gündelik neşri “Diario de Noticias” hem bu habary çap etdi.

Aslynda welin agzalýan habar toslama bolup çykdy. Habarlaryň peýda bolup başlamagy bilen 69 ýaşly Aleksiýewiç Günorta Koreýanyň Seul şäherinden Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy bilen habarlaşyp, “Kimdir biri sabyrsyzlanýar” diýdi.

Twitiň ýaýramagyndan köp wagt geçmänkä, ozalam meşhur ýazyjylar bilen söhbetdeşlik geçirdim diýip ýalan habarlary çap eden italiýaly žurnalist Tommaso Debenedetti bu toslamany özüniň ýaýradandygyny öňe sürdi.

MH17 barada toslama

6-njy oktýabrda Orsýetiň Goranmak ministrliginiň resmi telewizion kanaly Ukrain Howa Güýçlerinden gaçyp Orsýete sygyndy diýilýän bir adamyň öňe sürýän maglumatlaryna salgylanyp habar çap etdi. Özüni Ýuri Baturin diýip tanadan şol adam Malaziýa howaýollaryna degişli MH17 reýs belgili uçaryň 2014-nji ýylyň iýul aýynda partladylyp, bortdaky 298 adamyň ählisiniň öldürilmeginden biraz ozal Ukrain howa güýçleri “Buk” howa hüjümlerinden goranyş ulgamyny uçaryň geçjek meýdanynyň çägine tarap süýşürdi diýdi. “Zvezda” telekanalynda efire berlen habarda Ukrainanyň agzalýan uçary partladan bolmagynyň ahmaldygy öňe sürüldi. Ýöne Baturin ukrain güýçleriniň “Buk” bilen MH17-ni urup ýykandygyny anyk aýtmandy.

Rus hökümeti we olaryň adamlary MH17-niň urlup ýykylmagy barada birgiden teoriýalary, şol sanda onuň ukrain söweş uçary bilen urlup ýykylandygyny öňe sürdüler. Ýöne halkara derňew topary ýolagçy uçar seperatistleriň gözegçiligindäki territoriýada Orsýetde ýasalan “Buk” howa hüjüminden goranyş sistemasy bilen urlup ýykyldy diýen netijä geldi. Şeýle-de, derňewçiler “Buk” sistemasynyň Orsýetden getirilendigini we uçaryň ýykylmagynyň edil yzýany onuň, yzyna, Orsýete geçirilendigini aýtdylar. Tankytçylar Moskwany derňewi bulamakda we bu mesele bilen bagly seperatistleriň we özleriniň aýyplaryny ýaşyrmaga synanyşmakda aýyplady.

“Zvezda” kanalynyň ýaýradan habaryna rus media serişdeleri, şol sanda döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi we döwlet telewizion kanaly uly gyzyklanma bildirdi. Ýöne ol adamyň öňe sürýän gürrüňlerini beýleki habar çeşmeleri tassyklamady. Bu baradaky habar diňe “Zvezdada” goýberildi. Gürrüňdeşlige esaslanýan habaryň çap edilmeginden heniz 24 sagat geçmänkä, Zvezda hiç hili düşündiriş bermezden bu täzeligi pozdy. Makalanyň ozal elýeterli bolan nusgalary hem häzir arassalanana meňzeýär, ýöne interwýudan bölekler YouTube-da henizem elýeterli.

Siriýada uruş (wideo) oýunlary

Orsýetiň Goranmak ministrligi noýabr aýynda Birleşen Ştatlary Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplady. Ministrlik rus we siriýaly hökümetleriň güýçleri “YD” jeňçilerine hüjüm edýän wagty Waşington ekstremist topary gorady diýen habarlary öňe sürdi. Bu çaklama örän öjükdiriji habardy we BBС kanaly Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri ylalaşyk esasynda ýüzlerçe ekstremist jeňçiniň Siriýanyň Rakka şäherinden çykmagyna rugsat berdi diýen mazmunly habar ýaýratmagynyň yzýany orta atylypdy. Koalisiýa bu ylalaşygy tassyklamady, ýöne YD söweşijileriniň raýatlary şäherden çykarýan kerweniň penasynda şäheri terk eden bolmaklarynyň ahmaldygyny ýaňzytdy.

Ýöne Orsýet ABŞ-nyň YD-a kömek edýändiginiň “iňkär edip bolmajak derejede güýçli subutnamasy” diýip, gyzykly suratlary Facebook we Twitterde paýlaşdy. Suratlarda, hamana, Siriýanyň Yrak bilen araçägine tarap hereket edip barýan YD-yň ulag kerweni görkezilýärmişin. Ýöne aradan köp wagt geçmänkä sosial medianyň ulanyjylary we derňew toparlar “subutnama” diýlip hödürlenilýän suratyň “AC-130 Gunship Simulator: Special Ops Squadron” atly oýnuň 2015-nji ýylda ýaýradan mahabat wideosyndan alnan suratydygyny anykladylar. Onlaýn derňewçileri beýleki suratlaryň Yragyň Goranmak ministrliginiň 2016-njy ýylda Fallujanyň golaýynda YD-a garşy geçiren operasiýalaryndan düşürilen şekillerdigini anyklady.

Orsýetiň ministrligi soňra suratlary pozdy we “ynha, iňkär edip bolmajak derejede güýçli subutnamalar” diýip, täze suratlary çap etdi. Ministrlik original suratlaryň ýalandygyny, şeýle ýagdaýyň döremegine getiren raýat işgäriň bu mesele bilen bagly deňelýändigini aýtdy.

Ben Laden Ak tamda

Orsýetiň ministrligi 2017-nji ýylda diňe wideo oýunlardan alnan suratlar bilen toslama habar ýaýratmady.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa noýabr aýynda döwlet kanalynda gatnaşan programmalarynyň birinde “Al-Kaidanyň” lideri Osama Ben Laden bir gezek Ak tama sapar etdi diýdi.

Zaharowa bu barada Birleşen Ştatlardaky lobbiçilik hereketleri, Orsýetiň ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşmagy we Donald Trampyň kampaniýasynyň işgärleriniň Moskwa bilen gizlin hyzmatdaşlygy etdi diýilmegi dogrusynda eden bellikleriniň çäginde gürrüň etdi.

“Ben Ladeniň Ak tamda myhman alnyşyny görkezýän aklyňy haýran ediji geň suratlary ýadyňyza salyň. Ynha, klassiki lobbiçilik eýle bolýar” diýip, Zaharowa aýtdy.

Saud Arabystanynda doglup, 2011-nji ýylda Pakistanda amerikan hüjüminde öldürilen Ben Laden hiç haçan Ak tama baryp görmändi. Zaharowa telewizion gepleşigiň dowamynda özüniň haýsy suratlar barada gürrüň edýändigini aýdyňlaşdyrmady. Ýöne käbir rus media serişdeleri onuň Ben Laden bilen ozalky döwlet sekretary Hillari Klintony elleşip salamlaşýan görnüşde montaž edilen surata salgylanandygyny çakladylar.

Birnäçe ýyldan bäri internetde aýlanýan bu surat, elbetde, ýalan suratdy. Suratdaky Ben Ladeniň 2004-nji ýylyň maý aýynda surata düşürilen kellesi aýdymçy Şubhaşiş Muherjiniňki bilen montaž edilip çalşylypdyr. Konserwatiw websaýt Tsargrad.tv Zaharowanyň sözlerini sitirledi, ýöne saýt Ben Ladeniň Ak tamda hiç haçan bolup görmändigi barada asla dil ýarmady.

Aradan birnäçe gün geçensoň, Zaharowa Facebook sahypasyndan Ben Ladeniň özüniň Ak tamda myhman alnandygyny göz öňünde tutmandygyny, ýöne onuň “kärdeşleriniň we maslahatçylarynyň” Ak tama baryp görendigini “aýtjak boldum” diýdi. Ol ABŞ-yň prezidenti Ronald Reagan bilen “Ak tamda garşy alynýan Talybanyň delegasiýasynyň” suratlaryny feýsbuk postuna berkidip, onuň “halaýan suratlaryndan biridigini” belledi. Bu ýerde gürrüňi edilýän suratda Reagan owgan gozgalaňçy liderleri bilen duşuşyp, basyp alyjy sowet güýçlerine garşy göreşi maslahat edýär. Birleşen Ştatlar sowet güýçlerine garşy söweşýän owgan ‘mujahedin’ toparlaryna, şol sanda Ben Ladene we beýleki arap söweşijilerine maliýe goldawyny berdi, ýöne Zaharowanyň gürrüňini edýän suraty 1983-nji ýylda alnypdy, ýagny bu “Talybanyň” döredilmeginden 9 ýyl ozal surata düşürilipdi.

“Goý, olar alaka iýsin”

Oktýabr aýynda Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “RIA Novosti” agentligine makala ýazýan bir ýazyjy golland mediasynda Orsýet barada “akylyňa sygmajak propaganda makalalary” çap edilýär diýip çykyş etdi. “Moskwalylar alaka iýýärler: Ýewropada kimler Orsýet barada toslama habar çap edýär?” diýen at bilen köpçülige ýetiren makalasynda awtor 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Gollandiýanyň “Volkskrant” gazetinde nutriýa, ýa-da başgaça “derýa alakasy” hem diýilýän jandary tagamlarynda ulanýan Moskwadaky restoranlaryň biri barada ýazylan gysga makala esaslanýar.

Publisist Wladimir Kornilow makalanyň originalyny doly ýoýup, ondan başgaça many çykaryp, makala ýazypdyr. Ol “golland neşrinde çap edilen makalada moskwalylar günbataryň Orsýete garşy girizen sanksiýalary sebäpli garyp düşüp, indi alaka iýip başladylar diýilýär” diýýär.

“Siz ‘bu ne bela wejeralyk?’ diýýänsiňiz? Siz mamla. Ýöne şular ýaly makalalar Gollandiýanyň abraýly gazetlerinde günde diýen ýaly çap edilýär. Media azatlyklarynda Gollandiýa yzygiderli öň hatarlarda ýerleşdirilýär” diýip, Kornilow ýazýar.

Şeýle-de, ol “De Volkskrant” gazetinde çykan makalany “ullakan makala” atlandyrypdyr, aslynda welin makala 400 sözdenem azdy.

Kornilowyň makalasyny öňde baryjy beýleki rus media serişdeleri alyp göterdi.

Ýöne makalanyň originalynda Moskwada restoran açyp, onda düzümi nutriýaly tagamlary taýýarlaýan Tahir Holikberdiýew “Sanksiýalar sebäpli orslar aç ölenok” diýýär, ýöne çäklendirmeler sebäpli restoranlar ýerli azyk-harytlara esaslanýan tagamlara gönügip başladylar diýilýär.

“Dostlukly makalanyň originalynyň çap edilmeginden bir ýyl soň “RIA Novostiniň” makalaçysy näme üçin onuň many-mazmunyny ýoýupdyr, bu ýagdaý syrlygynda galýar” diýip, “The Insider” ýazýar.

Rus mediasynyň tankytçysy Kowalýow özüniň “Noodle Remover” atly websaýtynda çap eden maglumatynda “RIA Novostiniň” ýalan habaryny puja çykaryp, şeýle at bilen makala çap edýär: “Eger-de Günbatar mediasy ýalan sözläp oňarmadyk bolsa, zyýany ýok, biz olaryň ýerine ýalan ýazyp, Günbatar mediasyny ile göz ederis”