Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda geçiren iş maslahatynda paýtagtyň jemagat gulluklarynyň işinden nägilelik bildirip, ýyladyş, energiýa we gaz, suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegine gözegçilik etmegi ýene bir gezek talap etdi.
Şondan iki gün soň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti “Aşgabatgazyň” mawy ýangyjy tygşytly peýdalanmak baradaky haýyşly bildirişini çap etdi. Gaz edarasy bir adama ýylda mugt berilýäntebigy gazyň möçberiniň 600 kubmetrdigini ýatlatmak bilen, ýylynmak üçin elde ýasalan gaz peçlerini ulanmagyň gadagandygyny duýdurýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 1-nji noýabrdan jemagat hojalygy hyzmatlarynyň täze nyrhlary girizildi. Ýöne paýtagtdaky we regionlardaky ýyladyş ulgamy mugtçulyk ýyllarynda hem öwerlik däldi diýip, Azatlygyň çeşmeleri gürrüň berýärler.
Häzir ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan ozalky mugallymyň sözlerine görä, Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonlar toplumyndaky 9 gat jaýlaryň ýyladyş ulgamynyň adamlary gönendiren wagty juda az. “Men şol 9 gat jaýlaryň biriniň 3-nji gatynda on ýyl çemesi ýaşadym, her gyşda üç çagam, adamym bilen bir otagda, elektrik pejiň daşyna egrilip ýatýardyk, gaz plitasynyň üstünde bişen kerpiç gyzdyryp, irden, agşamlyk aşhanany ýyladýardyk” diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran ozalky dil-edebiýat mugallymy gürrüň berdi.
“Parahat” mikroraýonynda bu problema şindi hem saklanyp galýar we soňky döwürde ýarym ýerzeminlerdäki hususy dükanlaryň köpüsiniň ýapylmagy zerarly, 9 gatly jaýlaryň ýylaýanlary hem ýylamaýar.
“Aşgabatda geçen asyryň 80-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda we 90-njy ýyllaryň birinji ýarymynda gurlan 9 gatly jaýlarda ýyladyş sistemasy umuman ýalňyş gurlan, sebäbi ýyladyş merkezinden gelýän ýyly suw aýlanyp, yzyna gitmeýär we diňe ýerzeminlerdäki turbalardan suw goýberilse, jaýlar biraz ýylaýar, ýogsa-da ýylamaýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Bu ýerzeminlerde dükan açanlaryň köpüsi indi, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlary gymmatlansoň, dükan ýerlerini yzyna tabşyrýarlar we olar köplenç ýapyk dur diýip, çeşmeler habar berýär.
Paýtagtyň köne mikroraýonlarynda hem ýyladyş ulgamy gowy işlemeýär we 2016-njy ýyldaýyladyş turbalaryny çalşyrmak arkaly görlen çäreler hem ýeterlik netije bermedi diýip, Azatlygyň ýene bir çeşmesi gürrüň berdi. “Ýer astyndan geçýän ýyladyş turbalaryny täzelänlerinde täze turba goýman, ozal başga ýerde ulanylan köne turbalary getirip goýdular, indi her hepde diýen ýaly bir mikroraýondaýyladyş turbasy ýarylýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň gyşyna ýeterlik ýylamazlygynyň ýene bir sebäbi ýyladyş merkezleriniň tas ählisiniň gündizlerine öçürilmegi bilen bagly. “Diňe agşamara, sagat 19-a, 20-ä golaý kotelniler işläp başlaýar, gije sagat 23-e, 24-e çenli jaýlar ýylamaga ýetişenok, ertesi irden sagat 8-9-a ýene kotelniler öçürilýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan 68 ýaşlyýaşaýjy aýtdy.
Prezident Berdimuhamedow soňky geçiren iş maslahatynda ýaşaýyş jaýlary bilen bilelikde medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işini ýola goýmak talabyny hem gaýtalady.
Bu hem ýurtda uzak ýyllar bäri çözülmeýän mesele. Ýerli çeşmeler regionlardaky sport mekdepleriniň medeniýet öýleriniň gyş aýlary ýyladylmaýandygyny habar berýärler.
Etrap merkezleri barada aýdylanda, ýyladyş ulgamy köp ýerde ýok we bolanlary hem juda ýaramaz işleýär. “Diňe keselhanalarda, mekdeplerde we çagalar baglarynda, özbaşyna ýyladyş sistemasy gurlan bolsa, menden saňa barýança diýen ýaly ýyladyş bar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Türkmenistanyň oba mekdepleri sowet ýyllarynda kömür ýa çölden getirilen sazak, ojar bilen ýyladylardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda obalara gaz çekildi, emma 15-20 metr gapdalyndan gaz turbasy geçip, henizem sazak ýakyp ýyladylýan mekdepler bar. Sebäbi olara gaz turbalary çekilmändir. Bereket etrabynyň Jamal obasyndaky mekdebi, Serdar etrabynyň Ýylgynly obasyndaky mekdebi muňa mysal getirip bolar.
Şeýle-de, gyş aýlary ýurduň regionlaryndaky gaz, elektrik üpjünçiliginiň peselýändigi we munuň ýyladyş ulgamynda uly bökdençlik döredýändigi habar berilýär.
Maglumat üçin aýdylsa, şu günler Aşgabatda gündizlerine -4, -5 gradus, gijelerine -7 gradus sowuk howanyň bolýandygy aýdylýar.