Aşgabatda öz öýünden tussag edilip äkidilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy Waleriýa bilen duşuşmaga rugsat berildi. Bu barada Azatlyk Radiosyna 12-nji dekabrda irden Waleriýa bilen bilelikde Galina Kuçerenkonyň Aşgabadyň eteginde saklanýan ýerine baryp, gaýdan aşgabatly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts gürrüň berdiler.
Haýwanlary goraýjy aktiwist Galina Kuçerenkonyň 15 gije-gündizlik tussaglyga höküm edilip, Arzuw obasyndaky ýöriteleşdirilen tussaghanada saklanýandygyny 11-nji dekabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berdi.
Nataliýa Şabunts Galina Kuçerenkonyň yzyndan ýyly geýimleri eltmäge rugsat berlendigini aýdýar. Mundan öň tussaglykdaky zenanyň gyzyna öz ejesine hiç zat eltmäge rugsat berilmändigi hem sözüne goşdy.
Galina Kuçerenko 7-nji dekabrda özlerini tanatmadyk adamlar tarapyndan, Aşgabatdaky öýünden zor bilen äkidildi, şondan soň onuň ykbaly birnäçe günläp nämälim boldy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşri haýwanlary goraýjy Galina Kuçerenkonyň öz goňşularynyň şikaýaty boýunça tussag edilendigini, olaryň zenanyň öýünde saklanýan itleri we pişikleri bilen bagly hapaçylykdan zeýrenendigini habar berdi. Maglumatda Galina Kuçerenkonyň 7-nji dekabrda sud edilendigi bellenýär.
Galina Kuçerenko birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda öýsüz haýwanlary goramak, olaryň häkimiýetler tarapyndan guramaçylykly öldürilýändigi hakynda maglumat bermek boýunça aktiw iş alyp barýardy. Ol ölümden halas eden haýwanlarynyň ençemesini öz öýünde saklaýardy.
7-nji dekabrda ejesi bilen bilelikde öýünden äkidilenden soňra Aşgabadyň polisiýa bölümlerine, Azatlyk etrap suduna alnyp barylan we 50 manat jerime salnyp, günüň aýagynda boşadylan Waleriýa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, öýüne baran adamlaryň Galina Kuçerenko sütem edendigini we ony güýç bilen äkidendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, hususy jaýyň gapysyny döwüp giren we özlerini polisiýa diýip atlandyran 8 çemesi adam öz atlaryny aýtmandyr, hiç hili resmi kagyz görkezmändir.
Halkara kampaniýalary aşgabatly aktiwist Galina Kuçerenkonyň goragy barada alnyp barylýar.
Diplomatik wekilhanalarynyň birnäçesiniň türkmen tarapyna ýüzlenip, düşündiriş sorandygyny “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri mälim etdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanyň häkimiýetlerini Galina Kuçerenkonyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, saklanýan ýeriniň üstüni açmaga, dessine we şert goýmazdan boşatmaga çagyrdylar.
Halkara guramalarynyň Galina Kuçerenkonyň eden-etdilikli tussag edilmegini ýazgaryp ýaýradan beýanatynda, aktiwist zenanyň ogurlanmagyna we tussag astynda, daşky dünýäden üzňelikde saklanmagyna jogapkärleriň kanunyň öňünde jogap bermegi talap edildi.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" guramasy 8-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda, Türkmenistanyň halkara partnýorlaryna çagyryş edip, türkmen hökümetinden Kuçerenkonyň nirede saklanýandygy barada gyssagly maglumat bermegini we ony dessine boşadylmagyny talap etmäge ündedi.
Şol günüň özünde adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň ýene birnäçesi çykyş etdi.
“Biz Türkmenistanyň halkara partnýorlaryny Galina Kuçerenkonyň ýagdaýy boýunça aladalanma bildirmek üçin we ýurduň häkimiýetleriniň ony we beýleki adamlary olaryň pikir azatlygyny hem beýleki esasy hukuklaryny parahatçylykly hem kanunçylykly berjaý etmegi sebäpli yzarlamagyny bes etdirmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanmaga çagyrýarys” diýip, Adam hukuklary boýunça Halkara Partnýurlygy (IPHR) guramasynyň müdiri Brigit Dufur guramanyň Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy topary bilen bilelikde ýaýradan beýanatynda aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda graždan aktiwistlerine, olaryň maşgala agzalaryna we garaşsyz žurnalistlere garşy basyşlaryň barha güýçlenýändigine ünsi çekýärler.
Diňe soňky aýlarda graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsa, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa, sosial ulgamlaryndaky aktiwist Galina Wertýakowa we Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň ejesi Halida Izbastinowa Türkmenistanda gysyş görkezildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew iki ýyldan gowrak wagtlap tussaglykda saklanýar.