Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öňünden yglan edilmedik sapar bilen Siriýa bardy we ors harbylaryna öz ýaragly güýçlerini Orta Gündogarda uruşdan ýaňa dargan bu ýurtdan çykarmaga başlamagy buýurdy diýip, Orsýetiň habar gulluklary bildirdiler.
Döwlet habar gullugy RIA-nyň Putine salgylanyp beren maglumatynda şeýle diýilýär: “Men goranmak ministrine, şeýle hem baş ştabyň ýolbaşçylaryna Orsýetiň ýaragly güýçleriniň toparyny öz hemişelik ýerlerine çekmegi buýurýaryn”.
Habarlarda Putiniň Hmeýmimde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşandygy aýdylýar.
2011-nji ýylyň mart aýynda hökümetiň protestçilere ýowuz hüjüm etmegi bilen başlanan we ýüz müňlerçe adamyň heläkçiligine, millionlarça adamyň öý-öwzaryndan jyda düşmegine getiren uruşda Orsýet Assadyň hökümetini harby taýdan goldap geldi.
2015-nji ýylyň sentýabrynda howa zarbalaryna başlap, şondan bäri özüniň urşa goşulmagyny güýçlendiren Orsýet Assady - käbiri Günbatar tarapyndan goldalýan - gozgalaňçylardan goramak bilen konfliktiň Assad üçin amatly ýagdaýa öwrülmegine kömek etdi.
Putin 2016-njy ýylda Orsýetiň “esasy harby kontingentini Siriýadan çekmäge başlamagy” buýurdy, ýöne bu çäreden soňra esgerleriň çekilýändigini görkezýän köp alamat bolmady.
Putiniň Siriýa öňünden yglan edilmedik sapary onuň 11-nji dekabrda özüniň müsürli we türk kärdeşleri bilen gepleşik geçirmek üçin Kaire we Ankara eden saparynyň çäginde bolýar.
7-nji dekabrda Putiniň Müsüre sapary barada Kreml tarapyndan berlen maglumatda onuň prezident Abdel Fattah al-Sisi bilen beýleki meseleler bilen bir hatarda, Ýakyn Gündogardaky durnuklylyk we howpsuzlyk hakda pikir alyşjakdygy aýdyldy.
Müsür prezidentiniň diwany hem Putin bilen Sisi “dürli meselerler boýunça, aýratyn-da, syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklary barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakda” gepleşik geçirerler diýip, maglumat berdi.
Müsüriň resmi “Al-Ahram” gazetiniň bildirmegine görä, Putiniň saparynyň dowamynda bu Demirgazyk Afrika döwletinde atom stansiýasyny gurmak boýunça gutarnykly ylalaşyga gol çekiler. Orsýetiň bu meselä ýetik bir resmisi uzak garaşylan geleşigiň gol çekişlige taýýardygyny aýtdy. Ýöne amerikan media neşiri “Bloombergiň” aýtmagyna görä, bu baradaky gutarnykly tassyklaýyş ýokary derejeli syýasy gepleşiklere bagly.
Türkiýede hem, Kremliň aýtmagyna görä, Putin bilen prezident Rejep Taýýyp Erdogan ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şol sanda energiýa proýektleri, Siriýadaky konflikt, şeýle hem Ýakyn Gündogardaky ýagdaý hakda pikir alyşmagy planlaşdyrýarlar.
Habar gullugy “Reuters” Erdogana ýakyn bir çeşmä salgylanyp, gepleşiklerde Iýerusalim meselesi hakda hem pikir alşyljakdygyny bildirdi. Bu ýerde agzalýan amerikan prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmeginden soňra turan bulagaýlyk hakda.
Trampyň bu kararyny Müsür, Türkiýe we Orsýet tankytladylar. 7-nji dekabrda Kreml Putin bilen Erdoganyň arasynda geçen telefon gepleşiginde iki prezidentiň bu barada “çynlakaý alada” bildirendiklerini aýtdy.
Putin soňky ýyllarda Müsür we NATO agzasy Türkiýe, şeýle hem regiondaky beýleki döwletler bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga ymtylýar.
Siriýada barýan uruşda tapawutly taraplary goldaýan Orsýet bilen Türkiýäniň gatnaşyklary 2015-nji ýylda türk harby uçarlary türk-siriýa serhedinde Orsýetiň bir uruş uçaryny urup gaçyranyndan soňra ýaramazlaşypdy.
Ýöne Putin bilen Erdogan aradaky näsazlyklary düzeldendiklerini aýdýarlar. Häzirki duşuşyk olaryň birnäçe aýyň içinde eden üçünji duşuşygy bolup durýar.
Putin Müsüre soňky gezek 2015-nji ýylyň fewralynda baryp gaýtdy. Sisi hem ondan alty aý soňra Moskwa sapar edipdi.
Iki hepdä golaý mundan ozal ors hökümeti iki ýurduň harbylarynyň birek-biregiň howa bazalaryndan peýdalanmak boýunça bir ylalaşygyň taslamasyny taýýarlandyklaryny habar berdi. Putiniň sapary hem şondan soňra bolýar.
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Soýgu 29-njy noýabrda Kaire eden saparynda özüniň “harby-tehniki ugurda bolan oňyn dinamika” diýýänini taryplap, terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.