Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar

Galina Kuçerenko

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýitirim edilen aktiwist Galina Kuçerenkonyň howpsuzlygyny üpjün etmeli diýip, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary çagyryş edýärler.

Galina Kuçerenko 7-nji dekabrda özlerini tanatmadyk adamlar tarapyndan Aşgabatdaky öýünden zor bilen äkidildi, şondan soň onuň ykbaly nämälim galýar. 11-nji dekabrda aşgabatly tanymal graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Galina Kuçerenko barada henizem maglumatyň ýokdugyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy we Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlugy (IPHR) haýwanlary goraýjy Galina Kuçerenkonyň birnäçe aýlap güýçlenen basyşlardan soň ogurlanmagyna örän aladalanýarys diýlip, guramalaryň 8-nji dekabrda bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

“Onuň ykbaly barada maglumatyň ýok ýagdaýynda, Galina Kuçerenkonyň howpsuzlygy we saglyk ýagdaýy iňňän aladalandyrýar. Bu ýagdaýlar Türkmenistanda graždan jemgyýetiniň aktiwistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan adatdan daşary töwekgelçiliklerini suratlandyrýar we ýurtda tankydy sesleriň yzarlanmagynyň güýçlenýändigini görkezýär” diýip, Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin aýtdy.

Guramalar Türkmenistanyň häkimiýetlerini Galina Kuçerenkonyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, saklanýan ýeriniň üstüni açmaga, dessine we şert goýmazdan boşatmaga çagyrýarlar. Şeýle-de, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň beýanatynda Galina Kuçerenkonyň ogurlanmagyna we tussag astynda hem daşky dünýäden üzňelikde saklanmagyna jogapkärler sud edilmeli diýilýär. Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" guramasy hem Aşgabatda Galina Kuçerenkonyň eden-etdilikli tussaglygyny ýazgardy we Türkmenistanyň halkara partnýorlaryna çagyryş edip, türkmen hökümetinden Kuçerenkonyň nirede saklanýandygyny barada gyssagly maglumat bermegi we ony boşatmagy talap etmäge ündedi.

Galina Kuçerenkonyň gysy Waleriýanyň 8-nji dekabrda habar bermegine görä, onuň öz ejesiniň ykbaly barada beren soraglaryna polisiýa we sud resmileri diňe “ejeň indi gelmez” we “Arzuwdaky ýörite priýomnikde bolmaly” diýen gysgaça jogaplardan başga maglumat bermändirler.

7-nji dekabrda ejesi bilen bilelikde öýünden äkidilenden soňra Aşgabadyň polisiýa bölümlerine, Azatlyk etrap suduna alnyp barylan we 50 manat jerime salnyp, günüň aýagynda boşadylan Waleriýa öýüne baran adamlaryň Galina Kuçerenko sütem edendigini we güýç bilen äkidendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, olaryň öýlerine zor bilen girip, özlerini polisýa diýip atlandyran 8 çemesi adam öz atlaryny aýtmandyr, hiç hili resmi kagyz görkezmändir.

“Olar başda ejemi äkitdiler, ony ýere ýykdylar. Ol ýerde ýatyrka, men ýanyna barmak isledim, emma äpet bir adam meni saklap durdy, elimi gaňyrdy. Men ejemiň ýanyna goýberiň diýip ýalbardym, ejemiň halyndan alada etdim, emma olar ‘hiç zat bolmaz ejeňe’ diýdiler we ony süýräp äkitdiler. Ejem çykyp barýarka, gapyda haýwanlary ýygnaýan ulagyň durandygyny aýdyp ýetişdi. Ejemi äkidenlerinden soň maňa ‘bol, ähli gymmatbaha zatlaryňyz bar bolsa al ýanyňa, dokumentleriňi al’ diýdiler”.

Galina Kuçerenko birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda öýsüz haýwanlary goramak, olaryň häkimiýetler tarapyndan guramaçylykly öldürilýändigi hakynda maglumat bermek boýunça aktiw iş alyp barýardy. Halas eden haýwanlaryň ençemesini öz öýünde saklaýardy.

Şu ýylyň tomus aýlarynda Galina Kuçerenko özüne güýç organlaryň işgärleri tarapynda “sesini çykarmazlyk hakynda” duýduryş edilýändigini we hatda ölüm haýbatynyň atylandygyny Azatlyk Radiosyna habar beripdi.

Türkmenistanda graždan aktiwistlerine, olaryň maşgala agzalaryna we garaşsyz žurnalistlere, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna basyşlar dowam etdirilýär.

Diňe soňky aýlarda graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsa, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa, sosial ulgamlaryndaky aktiwisti Galina Wertýakowa we Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň ejesi Halida Izbastinowa Türkmenistanda gysyş görkezildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew iki ýyldan gowrak wagtlap tussaglykda saklanýar.