Berdimuhamedow ýene ‘üstünlikleriň wagyz edilmelidigini’ ýatlatdy

Türkmen TW-siniň "Tegelek stol" gepleşigine gatnaşyjylar.

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Annageldi Garajaýew gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Prezident Berdimuhamedow 11 aýyň dowamynda geçirilen dabaraly çärler baradaky hasabaty diňläp, “medeniýet ulgamynyň düýpli maddy-enjamlaýyn üpjünçilik binýadynyň döredilendigini”, bir topar teatr, kitaphana binalarynyň, telewideniýäniň täze studiýalarynyň gurlandygyny belledi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH döwlet baştutanynyň “teleýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, ýurduň gazanýan üstünliklerini doly beýan etmek we milli däpleri degişli derejede giňden wagyz etmek barada” gürrüň edendigini habar berýär.

Resmi habarlardan mälim bolşy ýaly, Berdimuhamedow hemişe telewideniýäniň gepleşikleriniň hilinden nägilelik bildirýär we soňky ýyllarda bu ugra jogap berýän wise-premýerleriň, ministrleriň ençemesini işden aýyrdy.

Ýerli tomaşaçylar türkmen telewideniýesinde ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikler, ýa-da milli däpleri wagyz etmek praktikasynyň ilaty milli metbugatdan daşlaşdyryp, daşary ýurt habar serişdeleriniň diňleýjisine we tomaşaçysyna öwürýändigini aýdýarlar.