Sergeý Lawrow türkmen aktiwistiniň ykbaly bilen gyzyklanmagy wada berdi

Aktiwist Galina Kuçerenko gyzy Waleriýa bilen

7-8-nji dekabrda Wenada ÝHHG-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Türkmenistandaky rus raýatlarynyň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly sorag berildi.

Gündogar” habar saýtynyň maglumatyna görä, “TürkmenÝurtTV” neşiriniň wekili Diana Serebrýannik Türkmensitanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ykbaly, şeýle-de golaýda tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenkonyň ykbaly barada sorag berdi.

Sergeý Lawrow Orsýetiň Şyhmyradowyň ykbaly bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň “öňki häkimiýetlerine” ýüz tutandygyny aýtdy, emma berlen jogapdan kanagatlanyp-kanagatlanmandygyny aýtmady.

Şeýle-de ol Galina Kuçerenkonyň ykbaly bilen gyzyklanmagy wada berdi.