Aşgabatly aktiwist Galina Kuçerenko we onuň gyzy öz öýlerinden zor bilen äkidildi

Haýwanlary goraýjy aktiwist Galina Kuçerenko we onuň gyzy Waleriýa

Aşgabatda haýwanlary goraýjy aktiwist Galina Kuçerenko we onuň gyzy Waleriýa 7-nji dekabrda irden öz öýlerinden zor bilen näbelli ýere alnyp gidildi.

Bu barada Azatlyk Radiosyna habar beren türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsyň sözlerine görä, 7-nji dekabrda irden näbelli adamlar Kuçerenkonyň öýüniň gapysynyň gulpuny kesip, jaýa giripdirler we başda Galinany, yzýany onuň gyzy Waleriýany alyp gidipdirler.

Nataliýa Şabunts: “Galina maňa şu gün irden sagat 11-de jaň edip, öz öýüniň gapysyny näbelli adamlaryň demir kesýän bilen döwýändiklerini janygyp habar berdi. Men mundan soň BMG jaň etdim. Yzýany jaň edip, diňe gyzyny tapdym. Ol maňa ‘ejemi äkitdiler, indi bolsa, haýwanlary ýok etjek diýdiler’ diýip habar berdi. Galina ölümden halas etmek üçin ençeme pişigi we bir iti köçeden ýygnapdy. Waleriýa ‘meni äkidýärler, haýwanlara näme bolar, gapy-da açyk galýar, sebäbi ony döwdüler’ diýip janykdy” diýdi.

Nataliýa Şabunts Galinanyň gyzy bilen gepleşende, onuň yzyndan gelenleriň özlerini tanatmandygyny, emma olaryň köplük bolandygyny habar berendigini aýtdy.

Nataliýa Şabuntsyň sözüne görä, ol Galina Kuçerenkonyň öýüne baranynda, gapynyň ýapyk bolandygyny, emma gapynyň ýüzünde onuň döwlüp açylmagyny yzlarynyň galandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri” neşriniň Galina Kuçerenkonyň we onuň gyzynyň ýagdaýy barada çap eden maglumatynda, olaryň jaýynda alnan suratlar ýerleşdirildi.

Galina Kuçerenkonyň jaýynyň gapysy

Galina Kuçerenkonyň we onuň gyzy Waleriýanyň Aşgabatda ýaşaýan jaýy olaryň resmileşdirilen hususy eýeçiliginde.

Graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Galina Kuçerenkonyň we onuň gyzynyň zor bilen äkidilmegi barada BMG-ä, ABŞ-nyň ilçihanasyna jaň edip, habar ýetirendigini gürrüň berdi, emma resmiler bilen entek duşuşyp bilmändigini belledi.

Günüň dowamynda Waleriýanyň goýberilendigi, haýwanlaryň ählisiniň äkidilendigi barada maglumat gowuşdy, emma detallar dessine mälim edilmedi.

Galina Kuçerenkonyň saklanýan ýeri nämälim galýar.

Nataliýa Şabuntsyň sözlerine görä, Waleriýa Kuçenko özüni we ejesini äkitmäge baran adamlar olaryň goňşularynyň haýwanlar barada şikaýat edendigini mälim edipdir.

Nataliýa Şabunts Galina Kuçerenko görkezilen basyşy onuň haýwanlary goramak boýunça alyp barýan işleri bilen baglanyşdyrýar we onuň soňky ýyllarda onlarça haýwany ölümden halas edendigini aýdýar.

Galina Kuçerenko Türkmenistanda öýsüz haýwanlaryň häkimiýetler tarapyndan wagşylarça ýok edilýändigini garaşsyz media çeşmelerine habar berip geldi.

Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz haýwanlary köçede öldürmek we olary awlamak boýunça döwlet guramalarynyň amala aşyran guramalaşdyrylan çäreleriniň onlarçasy barada dürli çeşmelerden habar berlipdi.

Şeýle-de, soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda graždan aktiwistleriniň, olaryň garyndaşlarynyň we öz pikirini açyk mälim edýän raýatlaryň ençemesine, şol sanda Nataliýa Şabuntsa we Galina Kuçerenko gysyş görkezildi.