Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agzalykda durýan orta telekeçiler indi ikinji gezek uly möçberde jerime tölemäge mejbur edilýär.
Geçen noýabr aýynyň aýagynda telekeçileri özlerine degişli etrap sosial üpjünçilik bölümlerine çagyryp, olaryň 2013-2014-nji ýyllar üçin täze jerime tölemelidikleri aýdyldy.
Etrap sosial üpjünçilik edaralarynyň pensiýa üpjünçilik bölümleriniň işgärleri prokuratura tarapyndan barlag geçirilendigini, telekeçileriň 2013-2014-nji ýyllar üçin wagtynda pensiýa gaznasyna tölemedik pullary üçin täze jerimeleri belländiklerini telekeçilere aýtdylar.
Her bir telekeçiniň adyna tölenmeli diýip bellenen mukdardaky puly 3 günüň dowamynda tölemeseler, ol jerimäniň üstüne täze peniýalaryň goşuljakdygy bilen gorkuzdylar diýip, özüni Sapargül diýip tanyşdyran aşgabatly telekeçi zenan gürrüň berýär.
Onuň sözüne görä, bu mesele öňräkden bäri dowam edip gelýär. 2012-nji ýylyň aýagyna Türkmenistanda pensiýa üpjünçiligi barada kabul edildi diýilýän karardan özleriniň bihabar galandyklaryny aýdyp, Sapargül ol şeýle gürrüň berdi.
“Her 6 aýdan salgyt gullugyna tabşyrylmaly hasaplarymyzy wagtynda tabşyryp, salgyt gullugynda talap edilýän ähli tutumlary öz wagtynda töläp gelýärdik. Häli-şindi täze çykýan kararlardan ýa bolmasa bar bolan kanunlara girizilýän üýtgetmelerden telekeçiler hemişe habarly bolup hem durmaýarlar. Telekeçileriň öz aladasy özlerine ýetik. Häli-şindi üýtgäp duran kanunlary okap ýetişip bolanok.
Esasy hasaplaşyk geçýän salgyt gullugy edarasynda hem-de döwlet banklarynda tölenmeli diýlip görkezme berilýän töleglerimizi hiç bir bahanasyz töläp gelýärdik. 2012-nji ýylyň aýagyna pensiýa üpjünçiligi barada kabul edildi diýlen kararyň metbugatda çap edilendiginden hem telekeçiler bihabar galdylar. Ol kanunyň metbugatda çap bolandygyny bilýän telekeçi ýok.
Eger-de ol karar metbugatda çap edilen bolsa, ony bir telekeçi eşitmese, beýleki biri eşiderdi, emma telekeçileriň ählisi mundan habarsyz bolup, haçan-da 2015-nji ýylyň başynda 2014-nji ýyl üçin salgyt gullugy bilen hasaplaşyk geçirilende, 2013-2014-nji ýyllar üçin telekeçileriň pensiýa gaznasy üçin tölenmedik tölegler talap edilipdi.
Iki ýyl üçin alnan tölegleriň üstüne her telekeçiden wagtynda tölemedik tölegi üçin 100 manat jerime hem alnypdy. Şonuň bilen telekçiler döwlet öňünde bergidar däl diýip, öz işlerini dowam edip gelýärdiler” diýip, Sapargül aýdýar.
Olaryň sözüne görä, telekeçileriň her birine 1500 manatdan, 3500 manat aralygynda jerime salnypdyr. Ol möçberdäki jerimäniň nireden nähili alnandygy barada telekeçilere hiç bir düşündiriş berilmedi.
Sapargüliň aýtmagyna görä, 2013-2014-nji ýyllarda telekeçileriň pensiýa gaznasyna tölenmedik pullarynyň üstüne münýän peniýalaryň hasabyna şeýle uly möçberli jerimeleriň bolandygy barada düşündiriş berlipdir.
Emma telekeçileriň ozal 2015-nji ýylda tölän 100 manat jerimeleri hem aralykda ýitirilipdir we bu meselede kimiň günäkärdigini seljermäge derek, barlag geçirildi diýilýän prokuratura işgärleri mümkin bolan möçberde bu jerimeleri artdyrmak barada alada edipdirler.
Şeýle bulam-bujarlyklaryň döwlet emeldarlary tarapyndan bilkastlaýyn döredilip, telekeçilerden dürli ýollar bilen bikanun pul alynýandygyna ynanýandyklaryny telekeçileriň köpüsinden eşitmek bolýar.
Beýle bikanunçylyklardan telekeçileri goramak barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden hiç bir goldaw ýokdugyny hem telekeçiler aýdýarlar.