Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri serhet meselesini maslahat etdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgesi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň işçi toparlarynyň ýurtlara özara serhedini kesgitlemek boýunça maslahaty geçirildi.

1-6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşoguz şäherinde geçirilen maslahatda taraplaryň 2017-nji ýylda amala aşyrylan işleri ara alyp maslahat edendigi, serhedi kesgitlemek boýunça işleri güýçlendirmegi we 2018-nji ýylda maslahatlaryny ýygjamlandyrmagy wada berendigi media maglumatlarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň işçi toparlary 2017-nji ýylyň başyndan bäri ençeme gezek duşuşdy. Resmi maglumata görä, iki ýurduň döwlet serhedini kanun taýdan kesgitlemek boýunça gepleşikler Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň 6-7-nji martda Türkmenistana eden saparyndan soň başlandy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany serhet meselesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda doly kesgitlenmän galýar.