Aşgabatda baýramçylyk söwdalary guralýar, alyjy az...

Aşgabat, Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Täze ýyl söwdasy. Arhiw suraty

Türkmenistanda, prezidentiň tabşyrygy boýunça, adaty bazar dükanlarynyň we söwda merkezleriniň öňünde dikilen ak çadyrlarda ýörite baýramçylyk söwdalary guralýar, emma sowgatlyk harytlary satyn alýan alyjylar juda selçeň, satyjylar sowuk çadyrlarda tas işsiz otyr diýip, ýerli synçylar habar berýär.

Adat bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden ilata edilýän söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ony döwrebap guramak barada degişli ýolbaşçylara ýörite tabşyryk berdi. Bu tabşyrygyň yzysüre Aşgabadyň ähli bazarlarynda iki-üç ýerde, uly söwda merkezleriniň öňünde bolsa bir-iki ýerde ak matadan edilen ýörite söwda çadyrlary guruldy.

Bu çadyrlarda ýurduň özünde öndürilen ýa daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleri ýörite sowgatlyk gaplara gaplanyp, satuwa çykaryldy. Azatlygyň ýerli çeşmesi Aşgabatda şeýle çadyrlaryň birnäçesine baryp, baýramçylyk söwdasynyň gidişi bilen elin tanyşdy, satyjylar bilen gürrüňdeş boldy.

Sowgatlyk harytlary alýanlara kän gözüm düşmedi, bazarlara, dükanlara gelýänler esasan gündelik zerur bolan azyk önümlerini – un, şeker, ýag ýaly harytlary satyn alýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen satyjylaryň biri “umuman soňky iki aýda paýtagtyň bazarlarynda söwdanyň derejesiniň görnetin pese gaçandygyny” aýtdy. “Türkmenler, meniň bilşimden, bazara gelenlerinde adatça köpräk söwda etmegi gowy görýärler, azyk önümlerini bolsa, könelmejek zat bolsa, üç-dört günlük, bir hepde-on günlükiýjegini öňünden satyn alýarlar, emma soňky döwürde olar diňe bir ýa iki günde sarp etjek azyk önümlerini satyn alyp başladylar, özlerem muňa, aýyp iş edýän ýaly, utanýarlar” diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran satyjy gürrüň berdi.

Bazarda Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan bazarçylaryň biri bu ýagdaý barada pikirini aýdyp: “häzir ýurtda bazardaky harytlaryň bahalary adamlaryň real girdejisinden kän öňe düşdi, adamlar pyýada, harytlar atly boldy” diýdi. Ol pikirini anyklaşdyryp, “adamlaryň alýan aýlyklary indi öňki alýan harytlarynyň bolup bilse, üçden birine zordan ýetýär” diýdi.

Ýurt içinden gelip gowuşýan maglumatlara görä, häzir türkmenistanlaryň gündelik satyn almaly azyk önümlerinden başga-da uly aladalary bar – ol alada bahalary gymmatladylan jemagat hojalyk hyzmatlarynyň tölegleri bilen bagly.

Noýabryň başyndan elektrik toguna, tebigy gaza we suwa täze nyrhlar girizildi, häzir bolsa dekabryň ortasyna golaýlap barýarys. Täze ýylyň birinji on-on bäş gününiň dowamynda bu hyzmatlar boýunça doly hasaplaşyk geçirmeli” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri Azatlyk radiosyna aýtdy. “Eger ulanan hyzmatlaryň bahasyny tölemeseň, jerime salmaklary-da, gelip toguňy, gazyňy kesmekleri-de bolup biljek zat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň prezidenti oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda ilata 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri ýeňillikli bahadan berlen hyzmatlaryň indi tölegli ediljekdigini yglan etdi. Ol bu kararyny iş ýerleriniň köpelendigi, adamlaryň alýan aýyklarynyň her ýylyň ýanwarynda 10 prosent ýokarlandyrylýandygy bilen düşündirdi.

Ozal mugt diýen ýaly berlen hyzmatlaryň tölegli edilmegi adamlary ölçeýji gurallar üçin hem esli harajat çykarmaga mejbur etdi.

“Parahat” mikroraýonynda 1980-nji ýyllardan soň gurlan köp gatly jaýlaryň birinde ýaşaýan aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna häzir öz jaýynda ikinji suw ölçeýjini oturtmagyň aladasyny edýändigini gürrüň berdi.

1980-nji ýyllardan soň salnan köp gatly jaýlarda iki suw ölçeýji oturtmaly, sebäbi aşhana gelýän suw bilen hajathana, wannaly otaga gelýän suwuň turbalary aýry, bu bize goşmaça çykdajy bolýar. Şu sebäpden bu ýyl çagalaryma Täze ýyl sowgatlaryny alyp, baýramçylyk saçagyny bezäp biljegime ynamym az” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.