Türkmenistanyň Mejlisi 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi

Aşgabat. Türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa ÝHHG-nyň delegasiýasynyň wekilleri bilen. Arhiw siuraty.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi bäşinji maslahatynda Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi.

TDH habar gullugy parlamentiň nobatdaky mejlisinde deputatlaryň «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem-de «Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seredendiklerini habar berýär.

“2018-nji ýylyň Döwlet býujetiniň girdejileri 95508,5 million manada barabar bolar, çykdajylar hem şonça möçberde meýilleşdirilýär” diýip, habarda başga san getirmezden bellenip geçilýär.

Geljek ýylda durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberleri ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyny üpjün etmegiň hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň hasabyna, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75-80 göteriminden az bolmaly däldir diýip, habarda aýdylýar.

Iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmak, paýtagtda hem-de welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak... üçin uly möçberli maýa goýumlar göz öňünde tutuldy diýip, TDH ýazýar.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründäki iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. HWF-nyň golaýda Aşgabatda bolan ekspertleri türkmen hökümetine döwlet harajatlaryny azaltmagy maslahat berdiler.