Daşoguzda halk transport bökdençliklerinden kösenýär

Daşogzuň ýoly

Daşoguz welaýatynyň etraplaryndaky jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň bahalarynyň gymmatlamagynyň we hususy taksilere garşy goýlan çäklendirmeleriň halkyň durmuşyny hasam agyrlaşdyrýandygy habar berilýär.

Mundan owal Türkmenistanyň hökümeti Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna, şol sanda-da Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramçylyklaryna görüljek taýýarlygyň çäginde, welaýat ulaglarynyň paýtagta barmagyna gadagançylyk girizipdi. Şonuň ýaly-da, hususy taksilere hem gadagançylyk girizildi. Şeýle ýagdaýlaryň fonunda, indi Daşoguz welaýatynda etraplardaky hususy taksileriň hem merkeze ýolagçy gatnawyny amala aşyrmagyna çäklendirmeleriň girizilendigi öňe sürülýär.

Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň birinden, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan bir hususy taksi sürüjisiniň aýtmagyna görä, etraplardan merkeze hususy taksileriň ýolagçy gatnatmagyna rugsat berilmeýär.

"Ýol polisi etraplardan Daşoguz merkezine barýan hususy taksileri saklap, içindäkiler öz maşgala agzalary ýa-da kireý etmän öz tanyş-bilişleri, dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen ýöne barýan hem bolsa "bikanun ýolagçy gatnatýarsyň" diýip, 1000 manat möçberinde ummasyz jerime salýarlar. Daşoguzyň etraplarynda hökümetiň sary taksileri düýbünden ýok. Jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawlary hem öwerlikli däl we häzir biçak gymmatlady. Onsoň adamlaryň gyssagly ýagdaý ýüze çykanda hususy taksilere ýüz tutmakdan başga çäresi galmaýar. Biz hem hususy ulagymyz bilen kireý edip güzeran aýlajak bolýarys, ýagny başga eklenç çeşmämiz hem ýok. Men golaýda garyndaşlarymyzdan birini gyssagly Daşoguz şäherindäki keselhana ýetirmeli boldum welin, ýarpy ýolda bizi ýol polisi saklap, "hususy taksileriň adam gatnatmagynyň gadagandygyny bileňokmy? Kanuny bozýandygyňdan habaryň barmy? Sen näme prezidentimiziň kanunlaryna äsgermezçilik edýäňmi? Bolanok diýdikmi, bolanok! Hany bol jerimäňi töle" diýip, menden ummasyz mukdarda jerime alyp, soňam gyssagly keselhana gitmelidigimize garamazdan yzymyza gaýtaryp goýberdi" diýip, daşoguzyň etraplarynyň birinden bolan hususy taksi sürüjisi ol ýerde bolýan ýagdaýlary öz başyndan geçirenlerinden mysal getirip düşündirýär.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren Daşoguz welaýatynyň dürli etraplaryndan bolan birnäçe ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, etraplaryň içindäki we etraplardan welaýata gatnaýan jemgyýetçilik transport gatnawynyň bahalarynyň ýokarlanmagy halkyň kyn ýagdaýy başdan geçirmegine sebäp bolýar.

Ýolagçylar Daşoguz welaýatynyň etraplarynda içerki awtobus gatnawlarynyň bahasynyň 30 teňňeden 50 teňňä gymmatlandygyny, etraplardan welaýat merkezine gatnaýan awtobuslaryň owal 1 manat 60 teňňe bolan bahasynyň, indi 4 manat 50 teňňä çenli gymmatlandygyny öňe sürýärler. Olar awtobus hyzmatynyň hiliniň edil bahasy ýaly ýokarlanmandygyny aýdýarlar. Ýolagçylar gyssagly işi çykan adamlaryň hususy taksilere ýüz tutan halatynda bolsa, etraplardan welaýat merkezine gidip barýarka, ýolda ýol polisiniň saklap, kireý edýäne jerime salyp, kämahal hem ýolagçylary ulagdan düşürip, awtobusa ýa-da öz hossarynyň ulagyny çagyryp şoňa münmäge mejbur edýändigini öňe sürýärler.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.