Barselonada ýüzlerçe müň adam tussag edilen separatistleriň azat edilmegini talap edýär

Barselona, protestçiler. Arhiw suraty

Hasaplamalara görä, 750 müň çemesi demonstrasiýaçy Barselonanyň merkezi köçelerine çykyp, Katalonianyň ispan häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen separatist liderlerini türmeden boşatmagy talap etdi.


11-nji noýabrda şäheriň esasy köçelerini dolduran protestçiler katalan baýdaklaryny galgadyp, “syýasy tussaglara azatlyk” diýen şygarlara gygyrdylar.

Ispaniýanyň Ýokary sudy ozalky katalan hökümetiniň we Katalan Milli assambleýasynyň sekiz resmisini we liderlerini türmä basdy. Olara pitnä meçew bermek, pitne, jemgyýetçilik fondlaryny nädogry ulanmak aýyplamalary bildirilýär.

Katalan parlamentiniň spikeri $175,000 girew töläninden soň azat edildi.

Öz dili we medeniýeti bolan baý Katalonia regiony 27-nji oktýabrda, Madriddäki häkimiýetler tarapyndan bikanun atlandyrylan referendumdan soň, Ispaniýadan garaşsylygyny jar etdi.

Ispan hökümeti katalan prezidenti Karles Puigdemonty işden boşatdy, onuň hökümetini we parlamenti dargytdy.