HRW Türkmenistanda türkmen aktiwistiniň ejesiniň öýüne edilen hüjümi ýazgardy

"Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin we onuň ejesi Halida Izbastinowa

Human Rights Watch (HRW) guramasy ýurduň daşyndaky türkmen aktiwistiniň 76 ýaşly ejesiniň Türkmenistandaky öýüne edilen hüjümi ýazgardy.

HRW guramasy 6-njy noýabrda çap eden beýanatynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini hüjümi ýazgarmaga we içgin derňemäge ündedi.

Beýantda bellenişine görä, 28-nji oktýabrda agşam nämälim hüjümçiler “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” atly meşhur guramanyň ýolbaşçysy adam hukuklaryny goraýan tanymal aktiwist Farid Tuhbatulliniň ejesi Halida Izbastinowanyň öýüni daşlap, jaýyň aýnalaryny döwüpdir.

“Bu hüjüm tötänlik däl” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

Tuhbatullin 2003-nji ýylda syýasy matlaply aýyplamalaryň esasynda dört aýlap türme tussaglygyny başdan geçirensoň Türkmenistany terk edipdi.

2006-njy ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölüminiň yzýany häkimiýet başyna geçen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdy berk gözegçilik astynda dolandyrýar we garşy pikire çydamsyzlyk görkezýär.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalarynyň ençemesi Türkmenistanda aktiwistiň ejesiniň öýüne edilen hüjümi ýazgaryp çykyş etdiler.

Tuhbatulliniň ejesiniň jaýynyň daşlanmagy baradaky habaryň yzýany “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” (IPHR), Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial”, “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň hukuklary we azatlygy” atly gurama bilelikde beýanat ýaýradyp, tankyt bilen çykyş edýän adamlara täze haýbatlaryň atylmagy we olaryň yzarlanmagy baradaky maglumatlaryň aladalanma döredýändigi bellediler.