Türkmen hökümeti raýatlaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine nobatdaky çäklendirmeleri girizdi.
Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, mundan beýläk raýatlaryň daşary ýurtlarda bank kartlary bilen amala aşyryp bilýän gündelik amallary 250 amerikan dollary möçberinde çäklendirilipdir.
Başgaça aýdylanda, bir gije-gündiziň dowamyndaky nagt amallar 100 dollardan 50 dollara, nagt däl amallar hem 500 dollardan, 200 dollara çenli kemeldildi.
Resmi bildirişde täze çäklendirmeleriň “halkara plastik kartlaryň üsti bilen hasaplaşmak üçin çalşylýan serişdeleri niýetlenen ugurlardan gaýry maksatlara ulanmagyň öňüni almak maksady bilen” girizilendigi aýdylýar. Şeýle-de, çäklendirmeleriň “gündelik amallary adaty syýahatçy ýa-da tassyklanan normatiwleriň esasynda iş sapary bilen gidýän adamlaryň bolup biljek çykdaýjylaryndan ugur alyp” kesgitlenendigi mälim edilýär.
Şol bir wagtda, täze düzgünlere görä, “myhmanhanalara, hassahanalara, okuw jaýlaryna, awia we demir ýol petekleri almaklyk üçin geçirilýän töleglere isleg bildirýän raýatlar hasaplaşyk hasaplardan hyzmat edýän banklaryň üsti bilen amala aşyryp bilerler”.
Ýeri gelende bellesek, bu soňky bir aýyň içinde plastik kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan maliýe serişdelerine girizilen ikinji çäklendirmedir. Oktýabr aýynyň başynda, bir günüň dowamynda nagtlaşdyryp bolýan maliýe serişdeleri 250 dollardan, 100 dollara çenli azaldylypdy. Şu ýylyň martyna çenli bolsa, nagt däl amallar üçin çäk 1000 dollara barabardy.
Ýatladýarys, Türkmenistanda dollar söwdasynyň resmi ýagdaýda togtadylmagy bilen halkara bank kartlary daşary ýurtda söwda edýän we okaýan türkmenistanlylaryň manadyny dollara çalyşmak üçin ýeke-täk çykalgasydy.
Wagtyň geçmegi bilen bu kartlaryň nagtlaşdyrmak düzgünlerine, möçberlerine dowamly çäklendirmeler girizildi, şeýle-de tutulyp galynýan salgytlar artdyryldy.
Daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň her biri öz ýany bilen diňe bir sany plastik karty äkidip bilýär. Şeýle-de, olardan Aşgabadyň aeroportynda bilet we pasport barlaglaryndan geçensoň, öz ýany bilen äkidýän plastik kartyny Migrasiýa gullugynda hasaba aldyrmak talap edilýär. Hasaba alynmadyk plastik kartlary bolsa, daşary ýurtlaryň bankomatlarynda ulanyp bolmaýar.
Galyberse-de, mundan birnäçe aý ozal Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Merkezi Bank tarapyndan ýaýradylandygy aýdylýan dokument gowşup, onda raýatlaryň öz serişdelerini ulanyşyna has kän kontrollyk etmek, çäklendirme girizmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýardy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň başyndan bäri walýuta çalşylmaýar, bu ýagdaý bolsa walýutanyň iki – döwlet we “gara bazar” kurslarynyň döremegine getirdi. Mundan birnäçe hepde ozal dollar “gara bazarda” rekord derejä ýetip, ol 8 manatdan hem aşypdy. Munuň yz ýany, ýurduň bazarlarynda harytlaryň köpüsi iki esse çemesi gymmatlady.
Türkmen emeldarlary hökümet maslahatlarynyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň özgerýändigini dowamly tekrarlasalar-da, ýurduň garaşsyzlygyndan bäri başdan geçirýändigi aýdylýan agyr ykdysady krizisiň raýatlara ýetirýän täsirleri barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.