Kiprde ildeşini maýyp eden türkmen migrant doganlar jogapkärçilige çekildi

Kipr şäheri

Kiprde işleýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň arasynda ýüze çykan dawada, öz aýalyna SMS ibermekde aýyplan Ruslany ýenjip maýyp edendigi öňe sürülýän Altybaý atly türkmen migrantynyň inisi bilen suda çekilendigi habar berilýär.

Kipir metbugatynda ýaýran habarlara görä, Demirgazyk Kipiriň merkezi Nikosiýa degişli Haspolat sebitindäki bir iş ýeriniň ýatak jaýynda bolýan türkmen zähmet migrantlarynyň arasynda 28-nji oktýabrda gije uruş turýar.

Ýüze çykan wakada türkmenistanly zähmet migranty Altybaý Kadyrow inisi bilen bilelikde, öz aýalyna SMS ibermekde aýyplaýan Ruslan Orunow atly ildeş migrantyny erbet urup-ýençýär. Netijede, türkmen migranty Ruslan Orunowyň çekge süňki bilen burny döwülýär.

Ýerli metbugatda aýdylşyna görä, edilen arza-şikaýatdan soň saklawa alnan türkmen migrant doganlaryň kazyýet işine 30-njy oktýabrda Nikosiýada garalypdyr.

Kazyýetde çykyş eden Kipr polisiniň maglumatyna görä, 28-nji oktýabrda gije sagat 22:30 töwereginde ýüze çykan wakada, güman edilýän Altybaý Kadyrow S.J. atly öz aýaly bilen telefondan SMS arkaly dostluk gurmakda aýyplaýan Ruslan Orunow atly ildeş migrantynyň ýanyna Atahan Kadyrow atly inisi bilen baryp, ony erbet urup-ýençýärler. Şeýlelik-de, onuň çekge süňki bilen burnuny döwüp, agyr şikes ýetirýärler.

Tussag edilip aýyplanýanlar hakynda alnyp barlan derňew işiniň doly tamamlananygyny mälim eden Kipr polisi olardan kepillik pul talap edilmegini soraýar.

Nikosiýadaky kazyýet her iki aýyplanýan üçin, adam başyna 30 müň liradan, (8 müň amerikan dollaryna golaý) kepillik resminamalaryna gol çekmegini we olaryň daşary ýurtlara çykmagyny gadagan etmek şerti bilen tussag edilmezden garalmagy barasynda buýruk berýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, ýerli çeşmeleriň maglumatyndan çen tutulsa, Türkmenistan Demirgazyk Kipri ykrar etmeýändigi üçin, ol ýerde köne türkmen pasportlary öz güýjüni goraýar. Köne pasportly türkmen migrantlary Demirgazyk Kiprde arkaýyn kanuny ýagdaýda işläp bilýärler. Bu ýagdaý Demirgazyk Kipri türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýerleriniň birine öwürýär.

Azatlyk Radiosy türkmen zähmet migrantlarynyň ykballary bilen gyzyklanyp, Demirgazyk Kiprli degişli resmilerden maglumat almaga synanyşdy. Adynyň anonim galmagyny islän bir organ işgäri Demirgazyk Kipr türk respublikasynda türkmenistanlylaryň aşa köpelmegi bilen bidüzgünçilikleriň hem artýandygyny we türkmen migrantlarynyň bikanun ýagdaýlar, şol sanda dürli jenaýatlary, neşe, ogurlyklar hem özara uruş-dawalar sebäpli yzygiderli jogapkärçilige çekilýändigini öňe sürýär.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň we Stambuldaky konsullygynyň işgärleri bolsa, Azatlyk Radiosyna interwýu bermekden ýüz öwrüp, özlerine ýüz tutýanlara telefonda Türkiýede we Kipriň demirgazygynda "hiç hili [türkmen] zähmet migrantynyň ýokdugyny, olaryň gezmäge baran turist türkmen raýatlarydygyny, şonuň üçinem aýdylyşy ýaly "migrant problemasynyň" ýokdugyny öňe sürýärler. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň döwlet kontrollugyndaky metbugatda hem migrantlar hakda hiç hili söz açylmaýar.