Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döwlet garaşsyzlygyň 26-njy ýyl dönüminde harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ençemesine, şol sanda ýaňy-ýakynda berk käýinç yglan eden resmilerine öz kakasy “Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny gowşurdy.
“Mälim bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine uly goşant goşýarlar. Olar milli Harby doktrinany durmuşa geçirmek, kanunylygy we düzgün-tertibi berkitmek, ene topragymyzyň asudalygyny, türkmenistanlylaryň döredijilikli durmuşyny üpjün etmek, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler” diýlip, milli medianyň prezident Berdimuhamedowyň sylaglary gowşurmagy hakynda beren maglumatynda aýdylýar.
Şeýle-de, habar berilişine görä, Türkmenistanyň prezidenti we ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysy bu sylaglaryň harby we kanun goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynam bildiripdir.
Resmi maglumatlara görä, prezidentiň sylagyna ýurduň goranmak ministri general-polkownik Ýaýlym Berdiýew, Baş sudyň başlygy Gylyçmyrat Hallyýew, baş prokuror Batyr Atdaýew, adalat ministri Begmyrat Muhamedow, milli howpsuzlyk ministri Döwran Baýramow, migrasiýa we ykdysady jenaýatçylyga garşy döwlet gulluklarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de içeri işler ministri Isgender Mulikow we döwlet serhet gullugynyň başlygy Begenç Gündogdyýew mynasyp bolupdyr.
Ýatladyp geçsek şu ýylyň awgust aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mulikowa we Gündogdyýewe “wezipe borçlaryny kanagatly berjaý etmändigi üçin” berk käýinç yglan edipdi.
Şonda general-maýor Gündogdyýewiň harby derejesi polkownige çenli peseldildi.
Içeri işler ministri Isgender Mulikowyň awgust aýynda alan berk käýinji onuň şu ýylyň maý aýyndan bäri prezidentden alan üçünji nägileligi boldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow güýç edaralarynyň ýolbaşçylaryna beren şol käýinjiniň olaryň “öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy” üçin yglan edilendigini aýdypdy.
Şeýle-de, 27-nji oktýabrda prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümine gabatlap, ýurduň sud we prokuratura edaralarynyň ençeme resmisini çalyşdy. Kanuny goraýjy edaralarynda geçirilen bu nobatdaky kadrlar çalyşygy, hususan-da ýurduň şikaýat suduna, Tejen etrabynyň we Ahal welaýatynyň sudlaryna, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň prokuraturalaryna degişli boldy.