Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollar rekord derejä ýetip, geçen hepdäniň aýagyndan başlap Aşgabatda bir dollar 8,50-9 manat aralygynda satyldy.
Azatlyk Radiosynyň ýerli synçylarynyň maglumatyna görä, dollaryň nyrhynyň artmagy geçen hepdäniň ikinji ýarymyndan başlapdyr.
“Geçen hepdäniň ortalaryna çenli dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy ençeme aýlap 7 manat töwereklerinde saklanypdy. Emma, birnäçe günden bäri dollaryň bahasy gitdigiçe artýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda 2009-njy ýylda geçirilen pul reformasyndan soň, bäş ýylyň dowamynda dollaryň hökümet kursy bilen ‘gara bazardaky’ nyrhynyň arasynda hiç hili tapawut bolmandy. Ýagny, dollaryň manada görä gatnaşygy 3,50 manat derejesinde saklanypdy. Munuň netijesinde – 2009-njy ýyla çenli ozal giňden ýaýran – “dollaryň gara bazary” diýen söwda öz-özünden ýatyp galypdy.
Emma, 2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyna her dürli gadagançylyklary girizip başlamagy, soňy bilen-de doly togtatmagy ýurtda “gara bazaryň” täzeden janlanmagyna getiripdi.
Türkmen hökümeti we mediasy ýurtda dollaryň bahasynyň gitdigiçe ýokarlanmagy bilen baglylykda ilat köpçüligine häzirlikçe nähilidir bir düşündiriş, umuman, hiç hili maglumat bermän gelýärler.
Emma, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri muny türkmenistanlylaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine şu aýyň başynda girizilen soňky çäklendirmeler bilen düşündirýärler.
Täze düzgünlere görä, daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylar bir gije-gündiziň dowamynda özleriniň halkara bank kartlaryndan diňe 100 dollar möçberinde puly nagtlaşdyryp bilýärler. Öň bu çäk 250 dollara barabardy.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda dollar söwdasynyň resmi ýagdaýda togtadylmagy bilen halkara bank kartlary daşary ýurtda söwda edýän we okaýan türkmenistanlylaryň manadyny dollara çalyşmak üçin hödürlän ýeke-täk çykalgasydy.
“Daşary ýurtlara gatnap, söwda edýänler plastik kartlaryndan puly nagtlaşdyrmagyň gaty amatsyzdygyny, köp bankomatlaryň kartlary kabul etmeýändigini hem gürrüň berdiler. Indi-de 100 dollar çäklendirmesi... Şu sebäpli söwdegärler ýany bilen nagt puly alyp gidenini gowy görýärler. Dollara artan talap hem, dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhyny ýokarlandyrdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň adynyň efirde tutulmazlygyny soran çeşmesi gürrüň berdi.
Galyberse-de, soňky özgertmeler dünýädäki energiýa serişdeleriniň bahalarynyň peselmegi sebäpli Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründäki iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, şeýle-de 1990-njy ýyllardan bäri üpjün edilip gelnen ‘mugt’ komunal hyzmatlarynyň ýatyrylan döwrüne gabat geldi.
Angliýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça eksperti, professor Luka Ançeski bu ýagdaýlary nazara alyp, türkmen režiminiň saýlap alan ykdysady ýolunyň “yraň atyp” başlandygyny aýtdy.
“Türkmenistanyň ykdysady modeliniň durnuklylygy gowşap başlady. Bu-da hökmany özgertmelere getirer. Pikir edip görüň, hökümet bir tarapdan ‘mugt’ hyzmatlary ýatyrýar, beýleki tarapdan-da golf meýdançasyny açýar. Bu eýýäm çenden aşa awtoritarizm bolýar” diýip, Ançeski belledi.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri we mediasy beýan edilen ýagdaýlar barada maglumat bermän, tersine ýurduň ykdysadyýetiniň “bedew bady bilen özgerýändigini” aýdyp, gazanyldy diýilýän üstünlikleri “tassyklaýan” uly-uly sanlary getirýärler.