Yrak türkmenleriniň häzirki ýagdaýy we geljekdäki planlary

Yrak türkmenleri

Yragyň merkezi hökümetiniň goşuny 11-nji oktýabrda ýurtda Kerkuk ýaly türkmenleriň aglaba köpçülikde ýaşaýan we kürtleriň kontrollugynda durýan sebitleriň gözegçiligini yzyna aldy.

20-nji oktýabrda Altynköprü şäherçesini eýelemek bilen, Yrak hökümetiniň goşuny Kerkuk sebitiniň ähli ýerinde öz gözegçiligini ýola goýdy.

Eýsem, sebitiň gözegçiliginiň Yragyň merkezi hökümetiniň kontrollygyna geçmegi bilen ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda nähili üýtgeşiklikler boldy ýa-da bolar? Yrak türkmenleriniň syýasy partiýalarynyň we jemgiýetçilik guramalarynyň sebitde bolup geçýän üýtgeşmelerde nähili roly bar? Yrak türkmenleriniň geljekdäki planlary näme we olara mundan beýläk näme garaýşar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny yrak türkmenleriniň häzir başdan geçirýän ýagdaýlaryna we geljekdäki planlaryna gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary Kerkukdaky türkmen žurnalisti Özdemir Hürmüzlü we "Türkmeneli" (Türkmenili) partiýasynyň başlygy Riýaz Sarykahýa Yrakda türkmenleriň häzir başdan geçirýän ýagdaýlary bilen geljekdäki planlary barasynda maglumat berýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz pikirleriňiz bilen tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Yrak türkmenleriniň häzirki ýagdaýy we geljekdäki planlary