Täjigistanda geýler we lezbiler operatiw hasaba alyndy

Täjigistan sowet döwründen galan kanunçylygy ýatyryp, 1998-nji ýylda gomoseksual gatnaşyklary jenaýat bolmakdan çykardy.

Sanawda 319 gomoseksual erkek adam we 48 lezbi bar. “Olaryň jynsy azlyk toparlaryna degişlidigi subut edildi we olar operatiw hasaba alyndy” diýip, Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň neşirinde aýdylýar

Ýurduň Içeri işler ministrligi agzalýan habar barada kommentariýa bermekden saklandy. Ýöne kanun goraýjy edaralardan sanawy düzmäge gatnaşanlaryň biriniň, adynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bularyň hasaba girizilmeginiň sebäbi, olaryň hem edil jelepçilik bilen meşgullanýan zenanlar ýaly, WIÇ infeksiýasyna duçar bolmak howpy ýokary. Sebäbi bular jemgyýetiň gowşak gatlagyna degişli bolup, öz jynsy gatnaşyk edýän partnýorlaryny tiz-tizden çalyşýarlar, şeýle-de hemişelik partnýorlary bar bolanlar hem jynsy gatnaşykda howpsuzlygy berjaý ederden ejiz bolup durýarlar.

Beýleki bir tarapdan, geýler we lezbiler konfliktlere ýol açmazlyk üçin çytraşmaly. Mälim bolşy ýaly, jynsy azlyklar bilen bolýan kofliktler jemgyýetiň geýlere we lezbilere bolan ýigrenji sebäpli pajygaly ýagdaýlara ýol açyp biler diýip, gürrüňdeşimiz belledi.

Täjigistan sowet döwründen galan kanunçylygy ýatyryp, 1998-nji ýylda gomoseksual gatnaşyklary jenaýat bolmakdan çykardy. Ýöne gomoseksuallar we beýleki jynsy azlyklar hemişekisi ýaly ymykly kök uran jemgyýetçilik tabusynyň gazabyna duçar bolýarlar.

Täjigistanda geýleriň we lezbileriň sany az däl, “olar özleriniň jynsy orientasiýalaryny her hili ýol bilen gizlejek bolýarlar.” Analitikleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý gomoseksuallygyň yslamda gadagan edilmegi bilen bagly. Musulman ruhanylaryň tassyklamagyna görä, bu gatnaşyklar Allanyň adamzady jübüt edip ýaratmakdaky hikmetine ters gelýär.

Geýler täjik jemgyýetiniň özlerine örän ýowuz daraýandygyny aýdýarlar.

Duşenbeli Şöhradyň Azatlyk Radiosy bilen geçen ýylyň güýzünde geçiren gürrüňdeşliginde aýdyşy ýaly, gomoseksuallara garşy ýowuz daramak ilkibaşda maşgalada başlanýar: “Haçan-da, enem-atam meniň geýdigimi bilenlerinden soň, öýi terk etdim. Kakam meniň maşgalamyzy masgara edendigimi gaýtalap durýardy.”

Şöhrat häzirki wagtda başga bir şäherde ýaşaýar. “Men restoranda işe ýerleşipdim. Bir gezek biziň restoranda geçirilen toýlaryň birinde bir gyz meni tansa çagyrdy. Tansdan soňra toýa gelen käbir serhoş myhmanlar meni “gyz ýaly tans etdiň” diýip ýençdiler. Ertesi gün işdenem kowuldym” diýip, Şöhrat gürrüň berýär.

Ýatladyp geçsek, 2015-nji ýylyň maý aýynda SPID-e, inçekesele we ysytma garşy göreşýän Global fond “soňky bar bolan maglumatlara görä, Täjigistanda erkek bilen gatnaşyk edýän erkekleriň sany çak bilen 30 müň töweregi” diýip mälim edipdi.

Öz jynsdaşlary bilen gatnaşyga girýän erkekleriň köpüsi, has takygy 57.3 %, şol bir wagtyň özünde geteroseksual gatnaşyklara-da girýärler, bu ýagdaý öz gezeginde olaryň aýal partnoýrlaryna-da howp salyp bilýär, belki-de, hut şol sebäp WIÇ ýokaşan aýallaryň sanynyň artmagyna getirýändir diýip, SPID-e, inçekesele we ysytma garşy göreşýän Global fonduň hasabatynda aýdylýar. Hasabatyň awtorlarynyň bellemegine görä, erkek bilen gatnaşygyň tabu hasaplanmagy bilen baglylykda gomoseksual gatnaşyga girýän erkekler örän seýrek ýagdaýda saglyk gullugynyň işgärlerinden haraý soraýarlar.

Hasabatyň ýaýradylmagyndan soňra Täjigistanyň Içeri işler ministrligi SPID-e, inçekesele we ysytma garşy göreşýän Global fonduň Täjigistandaky geýleriň we lezbileriň sany boýunça berýän maglumatlarynyň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdy.